Aýratyn ylmy ekologik medeni aň bilim ýa-da estetiki gymmaty bolup, olary öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň ýada ýerine ýetiriji guramalaryň karary esasynda goralýan seýrek hem geň-enaýy tebigy komplekslere we obýektlere tebigy ýädigärlikler diýilýär. Tebigy ýadigärlikleriňçäklerinde olaryň goralyş tertibini bozan ýa tebigy ýädygärliklere çekiş ýetirip biläýjek islendik hojalyk işi gadagandyr. Özleriniň görnüşi boýunça tebigy ýadygärlikler aşakdaky toparlara bölünýärler.

Geologik we geomorfologik tebigy ýadygärlikler- Olara gadymy jandarlaryň daşa öwrülip giden aýak yzlary, ýellenmek netijesinde gadymy relýefden saklanyp galan kükürtli depeler ýa-da jülgeler, köwler, gowaklar dürli ýaşdaky dag jynslarynyň dürli gatlaklarynyň açylyp duran ýerleri, gyrlaryň uçut (kert) çüňkleri we beýleki.

Gidrologik-ýagny suw bilen bagly tebigy ýadygärlikler. Olara: şaglawuklar, bosagalar, gadymy derýalaryň gury hanasyndaky köller, ýyly we mineral suwly çeşmeler hem özi akyp duran skwažinalar,kesel bejerýän palçygy we köller we beýlekiler.

Botaniki tebigy ýadigärlikler –Olara asyr ýaşan agaçlar (ýeke ýa-da köp) köne tokaýlaryň galandylary, memorýal ähmiýetli agaçlar, gymmatly agaç görnüşleri, seýrek, ýitip ýok bolup barýan ösümlikler girýär.

Zoologiki tebigy obýektler –Olara seýrek, san taýdan azalýan, ýitip ýok bolup barýan,seýrek we gymmatly jandarlaryň görnüşleri girýär.

Landşaft tebigy obýektler -Olara ýer üstüniň geň pursatlary, seýrek tebigy hadysalaryň tutýan ýerleri, dürli keşipdäki täsin tebigy kompleksleri girýärler.

Tebigy ýadygärlikleriň gelip çykyşy boýunça emeli ýol bilen, ýagny adam tarapyndan döredilenleri hem bar. Olara mineral we termal suwlaruň akýan skwažnalary, gadymy adamlaryň köwek gowaklary, taryhy seneleriň ýa-da tanymal maksatlaryň hormatyna oturdulan agaçlar we beýleki aýratyn goralmaga mynasyp obýektler girýär.

40-njy ýyllarda başlap, ―Ýedi dogan, Köwata 60-njy ýyllar ―Pöwrize jülgesi tebigy park 1987-nji ýylda Garaýazçy (Bäherden) hoz we çarlykdaky pisse agaçlary tebigy ýadigarlikler hökmünde aýratyn gorag astyna alyndy.

  Maýagözel JUMAÝEWA

 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby