Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek, bu täsin tohumy has-da kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär.

Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belet ýaşulular: «Alabaý — eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr. Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dostuna — alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidiberipdir. Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilenem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysy bolup durýarlar.

Alabaý itleri köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar.

 Täçnazar AZADOW

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby