Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyz ekologiýa taýdan arassa, adam saglygy üçin peýdaly bolan azyk önümlerini öndürmek we önümçiligini has-da giňeltmek boýunça birnäçe iş çäreleri alnyp barylýar. Şol maksada gönükdirilen ugurlar boýunça balykçylyk hojalyklary hem giň gerimde ösdürilýär. Döwrebap suw howdanlary, balyk kärhanalary, balykçylyk hojalyklary döredilýär. Şeýle hojalyk birine Balkan welaýatynda bekre balygyny ösdürip ýetişdirýän balykçylyk hojalygyny mysal getrimek bolar.

Bu hojalyk 10 gektar meýdany eýelemek bilen balyklary köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Hojalykda döwrebap genetiki banklar, barlaghanalar, emeli şertlerde bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýapyk howuzlar bilen üpjün edilen.

Bekre balyklary ösdürip ýetişdirilýän hojalygyň döredilmegi olaryň deňizde tebigy sanynyň dikeldilmegine we balyk tutmak işiniň durnukly ösmegine ýardam berer.

Ekstensiw (suw ýataklarynyň tebigy balyk goruna esaslanýan) balykçylykda balyklaryň ösüp boý alşy suw ýatagynyň tebigy iýmit goruna bagly bolýar. Onuň kesgitli meýdanynda balyk önüminiň çykymyny ýokarlandyrmak intensiw çäreleriň geçirilmegini talap edýär. Ol çäreleriň biri howdan balykçylyk hojalygyny döretmekdir.

Howdan şertlerinde balyklary ösdürip ýetişdirmegiň tebigy suwlardan (derýalar, köller, tebigy suw howdanlary) tapawudy goşmaça balykçylyk işlerini geçirmegiň hasabyna ýerine ýetirilýär: howdany dökünlemek, balyklary goşmaça iýmitlendirmek, seleksiýa işlerini ylmy esasda alyp barmak we başgalar degişlidir. Bu işler howdan balykçylyk hojalygynda döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, halkyň isleg bildirýän balyklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berer.

                                                                                               Aýna Resulowa

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby