Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde amatly ýagdaýlary döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara-hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli usullaryny ulanmak ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplar bildirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy-häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkar guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär.

Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bäbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

 Ahmet TAGANOW

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň

Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 5-nji ýyl talyby