Adamzadyň durmuşynda syýasatyň ornunyň güýjeýän XX asyrynda has-da XXI asyrda “geosyýasy” diýen düşünje aňlamaklygy we döwletiň durmuşynda netijeli ulanmaklygy talap edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne girişýän Türkmenistan döwleti üçin hem özüniň geosyýasy ýerleşişini aňlamaklyk we ulanmaklyk wajypdyr. Syýasy geografiýadan geosyýasat tapawutlanýar. Alymlar syýasy geografiýanyň giňişlik baradaky ylymdygyny belleýärler. Şonuň üçin syýasy geografiýa geçmişe, geosyýasatyň bolsa häzirki döwre gözükýändigini aýdýarlar. Syýasy geografiýa giňişligiň döwlete edýän täsiriniň şertlerini açyp görkezýär. Ondan tapawutlylykda geosyýasat döwleti giňişligiň şertlerini we kanunlaryny ýeňip geçip, olary kesgitlenen maksatlaryň gullugyna goýmaklygyň meselelerini öwrenýär. Türkmenistan döwleti üçin hem häzirki döwürde giňişligiň şertlerini we kanunlaryny ösüşine maksatlaryna ulanmaklyk gerekdir.
Türkmenistan gadym döwürlerden bäri söwda ýollarynyň, medeni we dini gatnaşyklaryň çatrygynda ýerleşen. Onuň ajaýyp mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny getirse bolar. Harby hadysalar sebäpli, tebigy ýagdaýlar bilen baglylykda, adamlar bu ýoluň ugruny üýtgeden hem bolsalar, ol hökmany suratda ýurduň çäginden geçen. Mary şol ýoluň merkezinde ýerleşen. Onda bu ýoluň bir şahasy demirgazyga-Horezme tarap bölünip aýrylýar. Günorta tarap Horasana we ondan Kermana, Pars aýlagyna gidýän ýoluň başga bir ugry Arabystana alyp barypdyr. Gündogarda bu ýol Hindistana we Hytaýa rowana bolan. Bu ýoluň Türkmenistanyň çäklerinden we onuň goňşy ýurtlarynyň içinden geçýän bölekleri barada ilkinji gezek Usidor Harakskiniň eserlerinde habar berilýär. Onuň b.e. I asyryna degişli “Parfian bulrulgalary” diýen işinde Eýrandan gelýän söwda ýoly demirgazyk Parfiýanyň üsti bilen (Köpetdagyň demirgazyk eteklerinden, Nusaýyň üsli bilen) göni Merwe barýanlygy aýdylýar. Orta asyrlara degişli arap awlorlarynyň belleýşine görä, olaryň döwründe Eýrany Merkezi Aziýa bilen we ondan aňry gündogar welaýatlar bilen birikdiren şäher Saragt bolupdyr. Olaryň göz öňünde tutýan ýoly Köpetdagyň günorta etekleri bilen Nyşapura, ondan Saragta we Merwe barypdyr. Bu ýoluň emele gelmegi Eýranyň gündogarynda uly şäheriň – Nyşapuryň we b.e. IV asyrynda Hazaryň gündogar eteginde – Dehistanda, özbaşdak döwletiň döremegi bilen bagly bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýoly diňe söwda we diplomatiýa ýoly bolman, eýsem medeniýetleriň, iş usullarynyň, tilsimatlaryň, sungatlaryň we dinleriň ýaýramagyna, dünýä halklaiynyň medeniýetleriniň baýlaşmagyna uly kömek edipdir. Bu ýol halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklaryň göreldesini berip, zehinli taryhçylaryň, geograflaryň, syýahatçylaryň peýda bolmagyna getirýär. Ony biz Türkmenistanyň mysalynda hem görýäris. Gadym döwürlerden bäri bu ýerde ýaşaýan ilat ýakyn we alys ýurtlar bilen gatnaşyp ähli ugurlarda üstünlikleri gazanyp bilipdirler. Ýurt ylymly adamlarynyň, filosoflaryň, şahyrlaryň mesgenine öwrülipdir. Mahmyt Gaznalynyň, seljuk türkmenleriniň soltanlygynyň, Köneürgenç soltanlygynyň döwründe türkmenler bütin yslam dünýäsinde ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ösmegine saldamly goşant goşup gelen.
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň hem daşary we içeri syýasatynyň many-mazmunyny kesgitleýär. Şonuň üçin ylymbilime hemaýat, medeni mirasy gorap saklamak döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolýar.
Dursunaý ÝAKUBOWA
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby