XXI asyr ylmyň we tehnologiýanyň ösen asyry bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň gazananlarynyň durmuşymyza doly ornaşýan asyrydyr. Durmuşymyza ylmy tehniki özgertmeleriň gazananlarynyň ornaşmagy bilen ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz ýeňilleşdi, gözelleşdi. Ozallar haýsydyr bir işe birnäçe sagat sarp edýän bolsak, şol işi häzirki döwürde sähelçe pursatda tehnologiýanyň kömegi bilen ýerine ýetirýäris. Bu diňe bir ynsanyň çekýän fiziki zähmetini ýeňilleşdirmän, eýsem onuň gyzyldan gymmatly wagtyny-da tygşytlaýar. Tygşytlanan wagt bolsa, bizden ony ýerlikli ulanmagy, bisarpa tutmazlygy talap edýär. Hojalyk-durmuş işlerinden tygşytlan wagtymyz biziň boş wagtymyza öwrülýär. Häzirkizaman bilermenleri boş wagtyny ýerlikli peýdalanmagyň ynsanyň öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekmegine, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini alyp barmagyna, ruhubelent we uzak ýaşamagyna oňaýly täsir edýändigini tassyklaýarlar.
Ylymlar dünýäsiniň ägirtleri, paýhas ummanynyň egsilmez çeşmeleri hasaplanýan danalarymyz wagty ýitirmegi hemme zatdan agyr görüp, ony ýerlikli peýdalanmagy ündäp, wagtyny ýitirýändigine gaharlanýan adamy iň akylly adam hasaplapdyrlar. Pederlerimiz nesilleriň ýekeje dem alarlyk pursadyň-da gadryny bilip, ony bisarpa tutmazlyklaryny sargapdyrlar. Sebäbi ynsanyň wagty ýerlikli we netijeli peýdalanmagy onuň uly mertebelere, derejelere ýetmegine ýardam edýändigini olar öz durmuş tejribelerinden oňat bilipdirler. Nesilleriň şan-şöhrata beslenen milli taryhymyzy mynasyp dowam etdirijiler bolmagyny islän dana ata-babalarymyz “Wagtyň gymmatyny duýmaýan adam şan-şöhrata ýetip bilmez” diýip wesýet etmek bilen perzentleriň wagtyň gadryny bilip, gymmatyny duýup ýaşamaklaryny wesýet edipdirler. Häzirki zaman bilermenleri pederlerimiziň bu pikirini ylmy esasda tassyklamak bilen “10 minudyň gadryny bilmeýän adam bir sagadyň-da gadryny bilmez” diýen netijä gelýärler.
Lälezar MUHAMMETOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby