Häzirki wagtda oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklyk öndürilýän önümleriň ykdysady netijeliligini hasda ýokarlandyrmaga uly kömek edýär. Sanly ulgamyň gazananlary dürli pudaklarda giňden peýdalanylýar. Aýratyn-da oba hojalyk pudagynda ekerançylykda we maldarçylykda dürli görnüşli sanly programmalar giňden ulanylýar. Türkmenistanyň toprak howa şertleri özüniň aýratynlygylygy bilen tapawutlanýar we toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda esasy strategik ekinlerden gowaça, bugdaý, gant şugundyry, şaly, kartofel ýaly ekinler esasy köp ekilýän ekinleriň sanawyna girýär. Islendik oba hojalyk ekini ösdürip ýetişdirişdirilende şol ekiniň agrotehnikasyny, döküne we topraga bolan talabyny doly bilmeli bolýar. Sebäbi ekinleriň döküne we topraga bolan talaplary birmeňzeş bolmaýar. Ýurdumyzyň topraklarynyň mehaniki düzümi we iýmit maddalary bilen üpjünçilik derejesi birmeňzeş däl. Şol nukdaý nazardan hazirki wagtda oba hojalyk ekinleriniň dökünlere we topraga bolan talabynyna laýyklykda ösdürip ýetişdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Islendik oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almaklygyň birnäçe usullary bolup, olardan ulanylýan dökünleriň mukdarlaryny talabalaýyk möçberlerde we möhletlerde ulanmaklyk hem has netijeli usul hasaplanýar.
Dünýäde oba hojalyk pudagy kämil derejede ösen ýurtlaryň ekerançylyk pudagynda ulanylýan sanly ulgamlaryň netijeli täsirleri dürli görnüşlerde subut edilen. Häzirki wagtda oba hojalyk ekinleriniň meýilnamalaşdyrylan hasylyna zerur bolan mineral dökünleriň mukdarlaryny ekinleriň görnüşlerine we topragyň ýagdaýyna baglylykda kesgitlemeklik belli bir derejede kynçylyklar döredýär. Şol sebäpli hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp mineral dökünleriň zerur bolan mukdarlaryny hasaplamaklyk bu ugurdaky ýüze çykýan meseleleriň çykalgasy bolup durýar.
MYRATDURDYÝEWA Orazgül
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby