Ýurdumyz gün saýyn gözelleşýär hem-de bu günler ýurdumyzda geçirilýän iň naýbaşy baýramçylyklaryň biri bolan medeniýet we sungat işgärleriniň
baýramçylygy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri bilen bagly geçirilýän hepdeligiň dabarasy dag şýar. Halkara derejesinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sport hepdelikleri , şeýle-de ýurudmyzyň medeniýet hem sungat işgärleriniň baýramçylyklary elbetde biziň muzeý işgärlerimiziň hem gönüden göni baýramçylygydyr. Munuň özi bize ýene-de bir gezek halkymyzyň hem-de dünýä halkalrynyň milli medeniýetinde, taryhymyzda, sungatymyzda edilen işleriň muzeýlerde saklanmagynda muzeý işgärleriniň aýratyn hormata mynasypdygyny görkezýär. Çünki abadan ýurdumyzda parahatsöýüjilikli halkymyzyň sungata , medeniýete goýýan sarpasy tükeniksizdir. Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaznalaryny doldurmaklyk muzeý işiniň esasy wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin bu sany boýunça iň köp we mazmun taýdan iň doly we dürlidir. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we gaznaçylary sergi geçirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Muzeý
gaznahanalarynda ýerleşýän eserlerinden her ýylda onlarça sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar. Elbetde baýramçylyk çärelerinde öz sergilerimiz bilen çykyş etmek hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak, ýaş nesli halkymyzyň hem-de dünýä halkalrynyň milli hem taryhy gymmatlyklary bilen habardar etmek muzeý işgärleriniň borjy bolup durýar. Munuň özi muzeý toplumyny wagyz etmäge, muzeý gaznahanalaryndaky gymmatlyklary giň tomaşaçylar köplügine görkezmäge mümkinçilik berýär. Muzeý ýygyndysynyň üsti hemişe ýetirilip durýar. Dürli ugurlar boýunça, dürli çäreler, baýramçylyklar esasynda suratkeşleriniň eserleriniň sergilerini guramak möhüm bolup durýar. Şol işleriň ähmiýeti döwrebap sungatyň meselelerine berilýän üns, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly sergilerden soň, eserleriň käbiri muzeýiň gazna birligi bolup galýarlar, geljekki nesillere ýetirmek üçin döwrümiziň ruhy baýlyklaryndan ybarat ýygyndysynyň üstüni ýetirýärler. Türkmen
halky myhmansöýer halk. Ýurdumyza gelýän syýahatçylara bolsa, şeýle ajaýyp baýramçylyklarda we adaty günlerde öz muzeý eksponatlarymyzy görkezmek, olar bilen tanyş etmek hem-de ylmy işleri bu ugurlar boýunça ýola goýmak meseleleri bilen bagly edilýän işler sanarsyzydr. Hormatly Prezidentimiziň halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky edýän atalyk aladasy, ýurdumyzy adamzat jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy hökmünde, dünýä arenasyna çykarmak babatda, giňmöçberli meýilnamalaryň durmuşa geçmegine ýardam edýär. Türkmenistan diýarymyzda dünýä medeniýetiniň çeperçilik genji- hazynasyna, dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryna, olaryň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar. Şeýle sylagly gatnaşyk ýurduň iñ uly ylmy we medeni-aň bilim edaralarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň alyp barýan işinde has aýdyň ýüze çykýar. Muzeýiň hemişelik ekspozisiýalarynyñ esasy böleginde hem türkmen nakgaş we amaly-haşam ussatlaryň eserleri ýerleşdirilendir. Bu eserler muzeýiň birinji gatyny tutuşlygyna eýeläp, onuň iň uly ekspozisiýasy bolup durýar. Muzeý gymmatlyklary türkmen nakgaşçylygynyň, grafikasynyň we heýkeltaraşlygynyň uly ýygyndysy bolmak bilen, hakykatda bu ugurlaryň döreýiş we ösüş tapgyrlarynyň hemmesini açyp görkezýär. Muzeýe gelýän syýahatçylar biziň ýurdumyzyň taryhy ýerleri bilen içgin gyzyklanmak bilen bir hatarda gündogar ýurtlarynyň ýagny, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň, Eýranyň we Türkiýanyň däp bolan halk döredijiliginiň häsiýetli we özboluşly aýratynlyklaryny, ekspozisiýada ýerleşýän gündogar halklarynyň sungaty doly görkezýär. Şol ýurtlaryň sungatynyň, medeniýetiniň ösmegine hem-de Türkmenistanyň medeniýetine ýakynlaşdyrmagyna Beýik Ýüpek ýolunyň uly ähmiýeti bar. Munuň öz muzeýmizde goýulan eksponatlarda hem öz bahasyny tapýar, gadymy Marguş, Änew medeniýeti bilen bagly ýörüte burçlar, eksponatlar biziň toparklarymyzyň nähili gadymy bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýäde meşhurlyk gazandy. Bu ýerlerde tapylan sungat eserleriniň köpüsi dünýä medeniýetiniň taryhynda özüne mynasyp orun tapdy. Professor W. Sarianidi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Gadymy döwürlerde Murgap derýasynyň deltasynda (häzirki Mary welaýatynyň çäginde) ýerleşen Marguşyň (b.e.ö. 3 müň. ahyry) açylmagy dünýä ýaň saldy. Arheologlar ol ýerde bürünç zamanasynyň gadymy ussalarynyň ýasan önümleriniň köpüsini tapdylar. Tapylan medeniýet we durmuş esbaplaryny seljermek bilen, W.Sarianidi Marguş döwletiniň gadymy adamzat siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygy baradaky esaslandyrylan pikiri öňe sürýär. Gadymy Marguş ussalarynyň eserleri muzeýiň ekspoziziýasynda ýokary derejede ýerine ýetirilen kämil kulalçylyk we metal önümleri hökmünde ýerleşdirlendir.
Panno hökmünde açylyp görkezilýän ganatly ýolbars şekilli grifonlar mozaika görnüşinde muzeýimiziň ýygyndysynyñ ajaýyp eserleriniñ biridir. Gadymyýetiň ussady bu eserini alebastryň gyýylan bölejiklerinden döredipdir, suratyň suduryny bolsa, gara reňk bilen bezäpdir. Muzeý ekspozisiýasynda ýerleşýän ýokarda agzalan halklaryň sungat eserleriniň, beýikligi we çeperçilik taýdan gymmatlygy görkezilýär.Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ylmy aň-bilim we muzeý işiniň möhüm merkezi bolup durýar. Muzeýde ylmy maslahatlar, bäsleşikler, temalaýyn sergiler, şekillendiriş sungatynyň taryhyny we ösüşini öwrenmäge degişli meseleler boýunça duşuşyklar geçirilýär. Muzeý ýurdumyzyň bedew batly ösüşi bilen deň gadam basýar. Munuň özi onuň ylmy we aň-bilim işlerinde aýdyň görünýär. Şekildäki jandarlaryň boýny bilen garny gyzyl reňkli boýag bilen reňklenipdir. Şunuň ýaly ak, gara we gyzyl reňkleriň kömegi bilen näbelli suratkeş tutluşyp duran jandarlaryň ýokary towusmanyň öň ýanyndaky pursatyny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Marguş ýurdundan tapylan şol mozaika eseriniň Wawilondaky meşhur Iştar derwezesindäki haşamly pannodan müň ýyla golaý öň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Özboluşly tehniki we çeperçilik ussatlygy bilen ýerine ýetirilen köp sanly metal möhürleriň bezeginde hem haýwan şekiljikleri agdyklyk edýär.Marguş ýurdunyň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň bütin dünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, onuň dünýädäki ähmiýeti has- da artdy. Türkmen halky öz şöhratly taryhyna hem-de sungatyna buýsanýar. Türkmen sungatynyň taryhy ýadygärliklerinde, heýkellerinde, uly göwrümli diwar bezeglerinde, kulalçylygynda, halylarynda we zergärçiliginde ýerine ýetirilen özboluşly we gaýtalanmajak eserleri bütindünýä taryhyna uly goşant goşdy. Türkmenistanyň gadymy medeni mirasy häzirkizaman amaly-haşam sungatynda, nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda we binagärçilikde täzeçe öwüşginler bilen şöhratly ömrüni dowam edýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, ýurtdumyzda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürlüligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýarymyzyň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär Zergärçilik sungatynda türkmen ussatlarynyň zehini, özboluşly çeperçilik ussatlygy olaryň gözellik hakyndaky düşünjesini açyk-aýdyň ýüze çykýar. Muzeýiň toplumlaryndaky şaý-sepler häzirkizaman zergärleriň döreden önümleridir. Muzeýde bar bolan bürünçden, misden we latundan ýasalan heýkeljikler gadym döwürlerden biziň günlerimize çenli ýaşap gelýän dini we gündeki däp-dessurlara gulluk edýär. Hindistan ýurduna dokmaçylyk senediniň watany hem diýilýär. Dürli ýyllara degişli muzeý ýygyndysyndaky hindi amaly-haşam sungatynyň önümlerinden matalar, sarylar, torbajyklar, örtükler, desterhanlar, guşaklar toplanandyr. Halkyň amaly-haşam sungaty estetikanyň we tejribäniň, sungatyň we durmuşyň birleşigidir. Onuň köp dürli eseleriniň arasynda haly we haly önümleri, keçe önümleri, kulalçylyk we zergärçilik bezeg eserleri ýokary derejeli hökmünde hasaplanýar. Türkmenistanyň çäklerinde gadym döwürlerden bäri öndürilen önüm eserleri halkyň medeniýetiniň we gündelik ýaşaýşynyň bir bölegi bolupdyr.Nakgaşçylyk bilen deň hatarda türkmen heýkeltaraşlyk sungaty hem suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürlüligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýaryň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär. “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleri, medeniýet hepdeligi , şeýle-de dürli gymmatlyklarymyza bolan söýgi muzeý işinde aýratyn orun tapýar. Çünki türkmen halky gadymy halk. Onuň sungatynyň , medeniýetiniň gözelligi bolsa, muzeý tekjelerinde dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylary we bilim admalaryny haýran galdyrýar. Munuň özi bolsa halkymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamakda Hormatly Prezidentimiziň halk hazynasyna goýýan sarpasyndan gözbaş alýandyr.
Altyn Saparbavewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş
sungaty muzeýiniň Usulyýet işleri bölüminiň müdiri