Euronews agentliginiň habar berşi ýaly, heläkçilige uçran С 130 «Gerkules» ulag uçarynda «üç sany amerikan hünärmeni» bardy. Olaryň ählisi wepat boldy.
Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynyň ýangyn gullugynyň habar bermegine görä, «Gerkules» bilen aragatnaşyk kesilipdir. Bu uçar tokaý zolaklardaky ýangyny söndürmek üçin peýdalanylýardy.
Täze Günorta Uels ştatynyň premýer-ministriniň beýan edişi ýaly, «Bolup geçen bu heläkçilik ýangyn söndürijilerimiziň hem-de adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş gulluklarymyzyň ýangyna garşy nähili şertlerde göreşýändiklerini ýene-de bir gezek görkezýär. Diňe şu günüň özünde 70-den gowrak uçardan peýdalanyldy. Bu san biziň näderejede kyn wezipäni çözmäge synanyşýandygymyzy we ýangyna garşy bu günki gün göreşýänleriň ählisiniň janyna näderejede howp salynýandygyny görkezýär».
Howa gämisiniň bölekleri işjeň ýangyn zolaklaryndan ýüze çykaryldy. Ol ýere tiz kömek ulaglary we iki sany halas ediş dik uçary iberildi.
Awstraliýa kontinentinde ýangyn bilen bagly ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.