GOŞGULAR TOPLUMY
OGULJENNET BÄŞIMOWA
Meni gam basanda…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Däl ýüküm ýönekeý, aladam kiçi…
Siňe bakyp bilmän, reňki gülgüne,
Uzakdan seretseň ,
Gözlermiň içi…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Ähli zatdan geçip,
Älemden geçip…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Dogry bakýan gözlem- ýaşyldyr göçi…
Hoş bir nazar bilen bak,
Senden haýyş
Diňe özüň gelgin,çünki seň gamyň,
Meniň huzurymy ýylatmak üçin,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Sorama “Neçüýn?”
Ýylgyran bolsam hem, gülen bolsam hem,
Uzakda däldigňi bilen bolsam hem,
Sowuk bolsa gözlem, ýalyn bolsam hem,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Şol maňa gerekdir.
Diňe şoň üçin…
Uzaklardan bir ýerlerden baksaňam,
Seň küýüňde öz yşkymy ýaksamam,
Men gözlesem, senem meni tapmasaň…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Diňe saňa garaşýaryn,
Meň üçin…
Sowuk gijeleriň serhedin geçip,
Meni gam basanda özüň gelginiň…
Gitmäýin öçüp…
Ýakyn baksam ýaş bar gözleň teýinde,
Diňe ýagtylyk bar mähriň öýünde,
Hamana pyşyrda garyp diýemde:
“Meni gam basanda özüň gelginiň…”
Garaşýanym üçin, söýýänim üçin,
Gözlermiň ýaşyna garyp adyňy:
“Sen bolmasaň, bolmaz” diýýänim üçin,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Düşün…
“Şu garyň öz owazy bar, bilýäňmi?”
“Şu garyň öz owazy bar, bilýäňmi?
Bilýärmiň, şo günem ýagypdy, şeýle?
Ony diňe diňlemeli güň ýaly,
Paşmadyk söýgi deý, owazy eýmenç?”
Eşidip bolmaýan süýji söz ýaly,
Eräp gidýärdi oň ýary howada.
Sen maňa şonda bir bakypdyň şeýle,
Hem üfläp goýberdiň, gary howada…
Sen maňa şeýlebir süýji söz diýdiň,
Pyşyrdymy, garmy, tutup bilmedim…
Dünýä meşhur boldum, tanaldym gökde,
Emma oň hetdine ýetip bilmedim.
Sen maňa şonda bir jümle aýdypdyň,
Ýary gar deý eräpdi oň gijede?
“Şu garyň öz owazy bar, bilýärmiň?”
Gar deýin ýumşadyp, bal deý süýjedip…
2024
Ejemiň portreti
Seni şon ýaly göreýin: Gyýak dursun barmaklaryň,
Eje, men seni gülleriň içinde saklap bilmedim…
Heýkelňi çekdim gursakda,garyp günüň kemiş – kemiş…
Eje, gözleriň içinde duran ýaly haçan görseň,
Bir bölejik, bir dänejik akja kümüş, akja kümüş…
Şoň ýaly göreýin seni: Besläp bilmedim mahmala,
Häzir düýşümde owadan gelmegiň hem seň ähtimal!
Emma çümesim gelip dur, nurly keşbiňde mähriňe…
Şoň ýaly göreýin käbäm: Elleň ý:arygy hem dursun…
Meniň sen barkaň at salan arzuwlarym g:ursun…
Seni taşlap alyslarda, “derdiň nä?” diýsene maňa!
“Ömrüňi şygra, sungata berdiň nä?” diýsene maňa!
Şoň ýaly göreýin seni: Ejizläňde, aglap goýber!
Şoň ýaly göreýin seni, gara bagrym ýanyk- ýanyk…
Galan ýerin daglap goýber…
Şoň ýaly göreýin SENI!
Otlar düýş görüpdir, agşam…
Otlar düýş görüpdir agşam,
Mawy- mawy zynjyrlary
Aşagynda ýaşyl ýagşyň,
Mawy- mawy sanjym ýaly…
Agaçlar telin saýalap,
Aý Arşda dişlenip agşam…
Ustunde bugdan nikaby,
Otlar düýş görüpdir agşam…
Kesen garyş meýdançasyn,
Guwanyp, synlaýar daýhan,
Çygdan bug göterlip, gasyn,
Otlar düýş görüpdir agşam…
Almalar dökülip çyga,
Gözýaşly kibi topragy…
Gurçuklary müňňüldeşýär,
Kowalap ýaşyl ýapragy…
Güýzürgäp bedeleň başy,
Şemal güýçlenipdir hasam…
Pozupdyr ýeller şol nagşy,
Otlar düýş görüpdir agşam…
Hoş deňiz!
Hoş deňiz, hoş,
Kän oturdym kenarda
“Şo-ol meni söýeniň geler-le?” diýip,
“Ýa bolmasa, ruhum söner- le” diýip…
Arçalanjak bolup, söýen “günämden”
Dogry,
Däldi ol biriniň bagt paýy,
Özüm berdim ellerinden tutup ýa?
Hoş deňiz, hoş “sabyr” diýip, ses bilen,
Maňa indi leksiýalarňy okatma!
Hoş deňiz, hoş,bilmeýärin synaňda
Haýsy derdiň bilen aýdym aýdanyň…
Saplanym “bagtymy beren kinämden”
Yzymda gal!
Aýtma, gyýylmasyn ol:
“Kenarda oturyp, aglap gaýdanym…”
17.07.2024 6:16 Çeleken
Hat :
-“Heý menem söýmenmi seni?
Gyýak- gyýak jigerlerim…
Gören wagtym seretmeseň,
Öýdýänsiň sen, begenmerin…
Dymyk bolsun ýa- da açyk,
Howanyň saňsar şertleri.
Maňa garaman geçýärsiň,
Dogry edýärsiň,
Şeýt meni…
Başka ýana bakan wagtyň,
Serederin, üstiaşyr…
Müňläp- müňläp adamlaryň
Arasynda sen bolmasaň,
Gezer ahym, gezer ahym…
Hol günem şeýle bolupdy,
Seretmediň, gyýadanam…
Sen maňa ýakyn söýdüden,
Hem golaýsyň, uýadanam…”
…Diýen sözleriňi ýatlap,
Berdim özüme teselli…
Sen söýmeýänsiň hem, ahmal…
A men…
Heý menem seni söýmenmi?
Esger enesiniň pendi
Sen aýdym aýt, eziz watan hakynda ,
Senden başga ony aýdyp bilmesin!
Sen aýdym aýt, sen şeýlebir aýdym aýt,
Ol aýdyma goý nesiller hiňlensin!
Sen aýdym aýt, gökde galan ýyldyzlar,
Ony diňläp ýere düşjek bolsunlar!
Sen aýdym aýt, aglap duran mat gözler,
Şol aýdymy diňläp “jak- jak” gülsünler.
Şeýlebir aýdym aýt, bolmasyn taýy ,
Akar suwlar durup, yza aýlansyn!
Sen şeýle aýdym aýt,
Çekende keşde,
Gyzlar barmagyny dişläp aýnasyn!
Sen şeýle aýdym aýt, sözlerde gül şat,
Heňlerinde kebelekler jemlensin!
Ol aýdym ýugrulsyn şatlyga – gülkä,
Ol aýdymy diňlän bir adam galman:
Ýer ýüzünde hemme gözler nemlensin…
Sen şeýle aýdym aýt,
Içinde nagyş,
Gözel bolsun ganatlary sözlerniň!
Ol aýdymyň özi elýaglyk bilen,
Sylsyn eneleriň nemli gözlerin…
Sen aýdym aýt, sen şeýlebir aýdym aýt,
Buýsansyn ogluna esger enesi!
Ol aýdymda parahatlyk baýdagy,
Älemiň üstüne baky gerilsin!
Ol aýdymda Watan- ýaýla gül açsyn,
Atlaryň toýnagna güller düşelsin,
Sen aýdym aýt, türkmen ýüregi bilen,
Ony diňlemedik gagşap- üşesin!
Ýene- de aýdym aýt, derýa hakynda,
Oňa bu topragyň adyn goýsunlar.
Ol aýdymda Garagumyň ýüregniň
Türkmeniňkidigni diňläp, duýsunlar!
Sen şeýle aýdym aýt, göýäki gökde-
Bulutlar ýolundan galyp diňlesin…
Şol aýdymy,
Şol aýdymy,
Hut şony,
Senden soň hiç kimse aýdym bilmesin!
Senden soň nesiller aýdyp, hiňlensin!
Ogluma
Sen meniň syrdaşym, köňül köçäm sen:
Barýaryn içinden şarfymy süýräp…
Bu köçede: “Nirä barýaň?” diýlenok.
Dogurdan hem…
“Agşam nirä barýarkam?..”
Özümem oýlanýan: “Bu köçe hezil”,
Ugrumy hem bilýän, ajykmaýanam…
Megerem şu köçä aşyk bolanym
Üçindir, meşhur däl…
Adykmaýanym…
Bu köçede äýnek tozanlap galýar,
Görkezesi gelse, görkä:r her reňkde…
Akyllar eplenýär, güýç toba gelýär,
Bir gudrat döreýär etde hem süňkde…
Daga dyrmanmaga ugur bar bärde,
Suwdan geçseň- köpri,
bugdaýly meýdan…
Şarfymyň seçegni süýräp barýan men,
Özümi bu köçä “myhmandyr öýtmän…”
Dyrnagym bilenjik gazýan ýaplaryn,
Çöp- çalamyn aýryp, her taşlan bendäň…
Saçym ýarym döküp, ýarysyn toplap,
Şemal garşysynda hopukýan men däl…
Hemmesinden üstün, güýji bar ýaly,
Hiç kim düşündirmez, milt etmez asla…
Bu köçe şeýlebir serim durlaýar,
Aşagy boz toprak, depesi asman…
Hyýal guşum gonýar gapdalda baga,
Perdeleri ýyrtyk sahna töwerek…
Göýä ujy alyslarda uzaýa,
Ondan başga zatlar nämäme gerek?
Bagtyýarmy? Şeýle!Şygyr ýaz, aýdym,
Parhy ýok, gitmersiň yssylap, üşäp…
Şu ýolumdan aýyrmasyn ýaradan:
Sen meniň mährabym, sen meniň köçäm…
Köňül bagy
(Ogluma)
Ter, tämiz howa bilgisi,kökleri gökde mysaly,
Ýürekden owaz kölgesi,
Juwanlyk eli hasaly,
Ýat ülkäniň jan dawasy,
Ýakyn kä, hossar däl misli,
Sen nämesiň köňül bagy,
Gadymy syýasyz sesmi?
Sowal bersem örülersiň,
Menem , senem haýran Saňa,
Köňül bagy, köňül bagy
Hany ýene aýlansana.
Ýüregiň kartasyndaky gazylan çuň çyzyk ýaly,
Men saňa näme diýsemkäm,
Köňül bagy…?
Bir gije, müň gije kibi,
Geçip gitse almaz dagy…
Ýene -de ýürekde seslen
Ýeňiljek kebelek ýaly,
Derdiň agyr köňül bagy…
Ýüküň datly, owazyň geň,
Kim biler hallaryň neneň?
Edil bir gadym mekdepden
Çykyp gelýän molla ýaly,
Şeýlebir ýakyn gözüme,
Sen juda daş köňül bagy…
Ýene- de müň asyrdan soň,
Ýylgyryp,täzeläp bagy,
Dillensene,
Dil bersene,
Dillensene köňül bagy…
Şer bilen dert arasynda duran
läheň köpri ýaly,
Men seniň yşgyňda galan,
Gojaman bir gämi saly…
Deňizleriň çuň hem sereň,
Ýüz sen müň ýyllyga sary-
-Köňül bagy…
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
(Ogluma)
Ýüregmiň içinde gül edip saklan,
Owazym sen,
Şeýdam ,
Şadym,
Şanym sen…
Buýsanjyň gujagna ebedi taşlan,
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
Ot bilen giribem, kül bilen çykdym,
Ýat bir il bilendim,
Seň bilen bakdym,
Sen hem hakykatdyň,
Hem nurly kökdüň,
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
Ýalňyzlaşdym,
Hem azaşdym seň bilen,
Kä süýji sözleri açdym seň bilen,
Gysylsam hem arkadaşdym seň bilen,
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
Göwnümiň içine bakdyň ýürekden,
Guýydyr meň ruhum, yşyk gerekmez.
Kämilligiň ummanynda kürek sen,
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
Gije şemim, gündizlerine şal bolan,
Gözýaşlarmy gurudýaň şemal bolan,
Men aglasam, damja bolan, lal bolan,
Sen meň mährim beren mähribanymsyň…
Goýy güýz
Owadan gijeler sowap başlady,
Güýzüň dökjek zerlerine ýer ýasap.
Agaçlar toprakdan nemlenen borly,
Çygjaryp dur,
Elläp görseň, der basyp…
Merdiwany döwülipdir, alysda
Gökden aslyşyp dur nawy bulutlaň…
Sen şol gün,
Sen şol gün saçlarmy sypap,ýuwdundyň…
Bardy şonda mawy- mawy bulutlar…
Muny iki dünýäň aralygynda duramda-da hiç unutman,
Unutman…
Ýene-de ýegşerýär, aýyň erňegi,
“Ýok, bu güýzem gaýdyp gelmez?”-diýip, ýa…
Ýagyş damjalaýar agaçlaň, baglaň,
Begresinden taýyp, ýere tyýpýa…
Men ýene-de durun daňyň çotgasyn,
“Haçan gaçyrarka, elleri?” diýip…
Şol günem şeýledi,
Toprak çyglydy…
Aglap çawuş çakan ýyllary duýup…
Ýene güýze taýýarlaýar eşigni,
Enä meňzeş baglar, “hellew-de hellew…”
Döwük merdiwan dek bölek bulutlar:
– “Geler”
– “Gelmez…”
– “Geler…”
– “Gelmez- le”- diýip…
Parhy ýok, älemde kimdir biriniň,
Bir ýerlere barmaklygy hökman däl…
Sen bilmänem galdyň,
Saçym sypaňda
Seň kalbyňa meni unutmaz ýaly,
Sanjym goýberipdir,
Göýä lukmanlar…

RU









