Ergenokon gadymy türkmen eposlarynyň biridir. Bu taryhy eposda göktürkmenleriň ýurt üçin, ar-namys üçin çekýän ýürek awylary görkezilýär. Orhan Ýeniseý ýazgylary. Gadymyýetde dörän Oguz-Orhon ýa-da Orhon-Ýeniseý ýazuwy baý geçmişi bolan türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasdyr. Ol gadymy türkmenleriň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärligidir. Aslyýetinde oguz-orhon ýazuwy hem öňler ―Orhon-Ýeniseý ýazgylary diýilip atlandyrylypdyr. Onuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl eken, sebäbi şeýle atlandyrylmagyň özi ýazgylaryň türkmenleriňkidigini inkär edýärdi. Sebäbi onda türkmen halkynyň unudylan taryhy, ýagny göktürkmenleriň taryhy, olara baş bolan beýik şahsyýetleriň atlary berilýärdi. Orhon-Ýeniseý ýazuwyny öwrenmäge belli türkşynas W.W.Radlow we dilçi hem taryhçy daniýaly alym W.Tomsen içgin girişýärler. B.Tomsen 1893-nji ýylda Orhon ýazgylarynyň türki taýpalaryň ýazuwlarydygy barada Daniýada alymlaryň öňünde çykyş edýär. Ol bu hatlaryň sagdan çepe okalýandygynyň üstüni açýar. Şonuň ýaly-da ýazgylardaky bellikleri deňeşdirip, onda 38 harpdan ybarat gadymy türkmen elipbiýiniň bardygynyň üstini açýar.

   Güljemile SAPAROWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby