Stambulyň Sabihi Gökçen adyndaky halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň kyn gonmagy netijesinde azyndan üç adam aradan çykdy. Bu barada Trend agentliginiň türk HBS-lerine salgylanyp habar berşi ýaly, saglygy goraýyş
ministri Fahrettin Koja aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bolup geçen heläkçiligiň netijesinde 179 adam ejir
çekdi. Öň, 157 adamyň hassahana iberilendigi barada habar berildi. Izmirden Stambula uçan Boeing 737-800 Pegasus Airlines uçary çarşenbe güni Stambulyň Sabihi Gökçen adyndaky halkara howa menzilinde kyn gonyşy amala aşyrdy we uçuş-gonuş zolagyndan daşyna çykdy. Netijede, heläkçilik zerarly ýangyn döredi we uçar üç bölege bölündi. Soňky maglumatlara görä, uçarda 177 ýolagçy bardy, şolaryň 6-sy ekipaž agzalarydy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Stambulda uçar heläkçiligi bolup geçdi: «Boeing – 737» böleklere bölündi
Stambulda uçar heläkçiligi bolup geçdi: «Boeing – 737» böleklere bölündi
