Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligine degişli edaralarda, şol sanda teatrlarda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa ulgamda ajaýyp täzelikleriň biri bolan turkmenteatrlary.gov.tm atly ýörite internet saýtynyň döredilmegi hem mysal bolup biler. Saýtyň kömegi bilen tomaşaçylar öýde oturan ýerlerinden ýurdumyzyň birnäçe teatrlarynda görkeziljek oýunlaryň sanawy bilen tanyş bolup, olardan saýlanlarynyň giriş peteklerini elektron görnüşde öňünden satyn alyp, oýun görkezilýän güni bolsa öz mobil telefonlaryna ýükläp alan elektron peteklerini görkezip teatrlara girip bilýärler. Bu tomaşaçylar üçin häzirki zaman dünýäsiniň bazar ykdysadyýeti şertlerinde iň uly gymmatlyklaryň birine öwrülen wagty tygşytly peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. Bulardan başga-da, saýtda dürli bölümler bolup, olar arkaly ýurduň medeni durmuşyndaky täzelikler, habarlar, sahnalar, teatrlar barada maglumatlar hem-de olaryň repertuarlary, bildirişler, makalalar we beýlekiler bilen hem öz wagtynda tanşyp bolýar.
Ýurdumyzyň birnäçe teatrlary üçin elektron petekler fewral aýynyň başyndan nagt däl görnüşde menzilara satylyp başlandy. Häzirki wagta çenli paýtagtda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry, Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatry, Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, Mollanepes adyndaky Talyplar teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry ýaly medeni ojaklar üçin petekleri elektron görnüşde satyn almak mümkinçiligi ýola goýuldy. Habar berlişine görä, Türkmenistanyň Döwlet sirki hem-de A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry üçin hem mart aýyndan başlap elektron petekleriň satuwyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Degişli hünärmenler häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän teatrlar üçin hem elektron petekleriň satuwyny ýola goýmak ugrunda iş alyp barýarlar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar üçin petek satyn alyp bolýan ýörite internet saýtyna Play Market ýa-da Appl Store priloženiýalary arkaly hem girip bolýar. Ulanyjylar üçin petegi elektron görnüşde ýükläp almakda hiç hili kynçylyk ýok. Olar edil öň ýola goýlan demir ýol ulagynyň elektron petekleriniň satyn alnyşy ýaly hereket edýärler. Täze saýtyň Repertuarlar bölüminden teatrlarda görkeziljek oýunlar bilen tanyş bolup, şol ýerde hem oýny saýlap, petekleri elektron görnüşde ýükläp alyp bolýar. Munuň üçin internet toruna birikdirilen şahsy kompýuterler ýa-da ýörite programma üpjünçiligi bolan ykjam telefonlar peýdalanylyp bilner. Satyn alnan elektron petekler degişli teatrlarda hünärmenler tarapyndan ýörite planşetleriň kömegi bilen hasaba alynýar.
Teatrlar üçin petekleriň elektron görnüşde satylyp başlanmagy diňe tomaşaçylar üçin däl, eýsem sahna oýunlaryny görmäge ozalkylardan has köp adam çekmekde teatr işgärleri üçin hem täze mümkinçilikleri döretdi.
Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.