Dünýäde koronawirus epidemiýasyna garşy çäreler barha artýar. Esasanam, köp ýurtlarda okuwlar ýatyryldy. Bu döwürde maşgalalarda her hili aladalar ýüze çykýar. Ýagny, çagalara koronawirus barada nädip maglumat bermelidigi barada köp maşgalada çykgynsyz ýagdaýlar döräp biler. Ýaş çagalar nämeleriň bolup geçýändigine düşünmese-de, ene-atasynyň aladasyny duýup bilerler. Çagalaryň ýaş toparlaryna görä, psihologlaryň maslahatlary esasynda, ine, onuň çözgüdi:

Has kiçi çagalara:

  • Çagalaryňyzyň ýanynda rahatlygyňyzy saklaň;
  • Olaryň adaty gün tertiplerini mümkin boldugyça dowam etdiriň;
  • Çagalary mediadan (telewizor we internet) daşda saklaň;
  • Çagaňyzyň aladalanýandygyny duýsaňyz (daşary çykmakdan gorkmak, adaty zatlara gaharlanmak we ş.m.) onuň özüni howpsuz duýmagyny üpjün ediň;
  • Özi sorag bermese, bu tema boýunça gürrüň gozgamaň.

Mekdebe çenli çagalar:

(Mekdebe çenli çagalar bolup geçýän zatlardan has habarly bolup bilerler. Wiruslar, hatda ölüm hakda hem soraglary berip bilerler).

  • Howpsuzlyk bu ýaş topary üçin möhümdir, olara bu ugurdan hünärmenleriň jogapkärçiligi, adamlary sagdyn we howpsuz saklamak üçin edýän işleri dogrusynda gürrüň beriň;
  • Olary ýygy-ýygydan bagryňyza basyň;
  • Mekdebe çenli çagalar ene-atalarynyň, garyndaşlarynyň saglyk ýagdaýlary barada sorag berip bilerler. Olara sagdyn bolmak üçin her kimiň elinden gelenini edýändigini aýdyň;
  • Göwnüne ýaraýan aýdymlary aýtmak arkaly höwes döredip, ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyny endik etdiriň;
  • Mekdebe çenli çagalar elmydama fantaziýa bilen hakykaty tapawutlandyryp bilmeýärler. Olaryň hyýallaryny güýçlendirýän oýnawaçlar bilen üpjün edip, mediadan daşda saklaň;
  • Olaryň ukusyny almagy juda möhümdir. Erteki okap ýa-da gowy görýän multfilmini görkezip, gowy uklamagyny gazanyň;
  • Mekdebe çenli çagaňyzda alada alamatlary ýok bolsa ýa-da özi sorag bermese, olar bilen bu hakda gürleşmäň.

Başlangyç okuw:

(Başlangyç okuwa gatnaýan çagalar nämeleriň bolup geçýändigine has gowy düşünýärler, megerem olar bu hakda mekdepdäki dostlary bilen gürleşýändirler).

  • Çagalaryňyz bilen açyk gürleşiň. Çagaňyzyň howpsuzlygy üçin eliňizden gelenini etjekdigiňizi aýdyň;
  • Bu ýaşdaky çagalar garry ene-atalary hakda alada edip bilerler. Olar bilen bilelikde goşmaça wagt geçirmäge synanyşyň. Bu çagaňyzda ynam döreder;
  • Adaty öý endiklerini dowam etdirmäge çalşyň, esasanam ýatmazdan ozal;
  • Olardan wirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda kömek soraň, meselem, gigiýenany üpjün etmekde olar size uly höwes bilen kömek ederler;
  • Soraglary bar bolsa jogap beriň. Ýöne jogabyňyz hakykatdan daşda bolmasyn;
  • Bilýän zatlaryňyzy ulaltmazdan aýdyň.

Ýetginjek:

(Bu ýaşdaky çagalar nämeleriň bolup geçjekdigine düşünýärler. Megerem, olar habarlary diňländirler, internetde görendirler we dostlary bilen pikir alyşandyrlar).

  • Olaryň soraglaryna gönümel jogap beriň. Bu olaryň eşiden nädogry maglumatlaryna düzediş girizmäge kömek eder;
  • Bu ýaşdaky çagalar geljekde bolup biläýjek zatlar bilen has içgin gyzyklanýarlar. Olar bilen dogruçyl boluň;
  • Çagalaryňyz bilen telewideniýede görýän zatlary barada gürrüňdeşlik geçiriň we haýsy çeşmeleriň ygtybarlydygyny, haýsysynyň ygtybarly däldigini düşündiriň;
  • Çagaňyza öňüni alyş çäreleri barada düşünje beriň;
  • Ýeterlik ukusyny almagyny üpjün ediň.

 

«Newashgabat».