Ülje dünýädäki iň meşhur we söýlüp iýilýan şänikli miweleriň biri hasaplanýar. Onuň özüne mahsus ajaýyp tagamy, süýjiden şirin datlylygy bar. Üljäniň köpsanly dermanlyk häsiýetlere eýedigi üçin alymlar ony ynsan saglygy üçin iň bir gerekli önümleriň hataryna girizýärler. Ülje miwesi adamlara B.e.öň 8000 ýyl ozal mälim bolupdyr. Onuň watany häzirki Türkiýe, Şweýsariýa we Daniýa töwerekleridir.
Ülje miwesinde ýagyň mukdary minimum derejede az. Onuň düzümini esasan, suw (82%), uglewodlar (16%) we beloklar (1%) düzýär. Anyklanmagyna görä, üljede antotsian maddasy bar bolup, onuň kömegi bilen adamda duş gelýän rak keselini bejermek mümkin ekeni. Ýagny, ösüp barýan rak öýjükleri üznüksiz iýmitlenmäge mätäç bolýarlar. Üljedäki antotsianlar bolsa bedendäki rak öýjüklerine barýan iýmit ýollaryny ýapýarlar we rak öýjükleriniň ölmegine sebäp bolýarlar.
Häzirki wagtda güneşli ülkämizde üljäniň aýny bişen wagty. Edil şu günler bu datly miwäni köpräk iýip, bedenimizi tebigy dermanlyk maddalar bilen doýundyrsak saglygymyz üçin has hem peýdaly bolar. Onda näme bazara baranyňyzda ülje almagy hem ýatdan çykarmaň!
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby