Mälim bolşy ýaly, hemişe hereketde bolmadyk uly ýaşdaky adamlaryň beýnisi ir-u-giç garrap başlaýar. Emma alymlar beýni garramagynyň öňüni almak üçin nämeleri etmek gerekdigini anykladylar. Olaryň pikirine görä, iki dili gepleşikde we okaýyşda dowamly ulanýan adamlarda beýniniň işi işjeň bolýar we onuň garramagynyň öňi alynýar.

Beýniniň garramagy babatynda alnyp barlan barlaglara görä, alymlar iňlis we hytaý dilinde gepleşýän 60 ýaşdan 84 ýaşa çenli bolan garry adamlary saýlap aldylar. Soňra olardan birnäçe kompýuterleşdirilen ýumuşlary ýerine ýetirmegi talap etdiler. Barlaglardan mälim bolşuna görä, gündelik durmuşda iki dilden peýdalanmak beýniniň işjeňligine peýdasynyň uludygy subut edildi. dünýä derejesinde alnyp barlan barlaglardan görnüşi ýaly, iki dilde sözleşmek beýnimiziň garramagyny gijikdirmekde esasy ähmiýete eýedir.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby