Halkymyz söz sungatynyň sarpasyny belentde tutýar. Döretmek, gurmak,
ýüregi joşgunlylyk pederlerden nesillere miras galypdyr. On iki süňňi bilen sözüň
many-maňzyny duýýan, ony başynyň altyn täjine deňeýän türkmen zürýady öz
ýüreginden syzylyp çykýan dürdäne sözleri bilen asyrlara ýadygär bolup biljek
gymmatly eserleri, giden bir sungaty döredipdir. Onda-da juwan çagy türkmeniň
kalby namasyzy, dili senasyzy barmy ahyryn diýsene. Bu ýürekdäki joşgundan
ýaňa kükregini böwsüp gelýän gürsüldi bolsa ilkinji nobatda söýgüniň güýji bilen
urýandyr. Şol söýgi bolsa elbet-de, Watanyňa, döwrüňe, zamanaňa bolan mähirden
möwç alýar. Seniň mähir beren Watanyň beýik bolsa, döwrüň bagtyýar, zamanaň
Arkadagly bolsa bu möwç ýüz esse, ýok müň esse belentden tolkunýar. Şeýle
ýüreklerden dörän eser ýa-da nama ikuçsyz ýürege barýar, ol ölmez-ýitmez
gymmatlyga, milli mirasa öwrülýär. Ony her kişi okap ýa-da diňläp ganmagyň
hötdesinden gelip bilmez. Bu eseriň lezzetini gaýta-gaýta datmak islär.
Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk
döwri bolsa şeýle eserleriň ýüregi ylhamdan püre-pür ýaşlaryň döwlet galamyndan
dünýä inýän zamanasy. Sebäp diýseň, döwrümiziň ajaýyplygy, zamanamyzyň
eşretliligi, ülkämiziň lälezarlygy, ak şäherimiz Aşgabadyň gaýtalanmajak
owadanlygy, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä görelde dana hem öňdengörüjilikli
syýasaty, ýurdumyzyň älem ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty kalplary joşdurýar.
Sözüň jadylaýjy güýji bilen näme hem bolsa bir zat döretmäge ruhy itergi berýär.
Hyýalyňy bir ýere jemläp şol ajaýyplyklary wasp etmäge, onuň gözelligini açyp
görkezmäge çagyrýar. Onsoň bu çakylygy neneň jogapsyz goýup bilersiň. Oňa öz
döredijilik üstünligiň, zehin-başarnygyň, ýürek namaň bilen jogap bermäge
çalyşýarsyň. Bu şeýle hem bolýar. Türkmeniň ogul-gyzy joşýar. Bilbil kimin
saýraýar. Duýgy we akyl birleşiginden dömüp çykan pikir goýazlygyny söze, saza,
esere siňdirýär.
Arkadagymyzyň döreden bagtyýar zamananyň belentden waspyny edýän
ýaşlary ýüze çykarmak, olary täze belent sepgitlere sary ýollamak, döredijilik bilen
bagry badaşan bu ýaş nahal ýaly ylhamly ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny
kämilleşdirmek boýunça hem ýurdumyzda döwletli işleriň birnäçesi alnyp
barylýar. Baýramy toýlara, toýlary şanly senelere seplenýän ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de türkmeniň dana hem
akyldar şahyry, söz sungatynyň göwher gaşy Magtymguly Pyragynyň şygryýet
güni mynasybetli ady agzalan beýik işleriň birnäçesiniň janly şaýady bolýarys.
Akyldar şahyryň adyny göterýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşi we ýaşlarymyzyň söýgüli neşiri “Nesil” gazetiniň yglan etmeginde
“Berkarar döwletiň-ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. 23-nji
iýunda bolsa bu bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
Ylham güzerinden dörän eserleri, makalalary, goşgulary, hekaýalary bilen bu
bäsleşige gatnaşan ýaş zehinleriň döredijiliginde gülleýän zamanamyz, Milli
Liderimiziň alyp barýan dana syýasaty, Watanymyzyň gözelligi, parahat hem
bolelin durmuşymyz baradaky eserler duýguly pikirlenmeleriň, şahyrana
oýlanmalaryň, çuňňur akyl başarnygynyň üsti bilen döräpdir. Muny dabarada söz
sözlän ýaşlaryň çykyşlarynda hem görmek bolýar. Bäsleşige ýaş zehinleriň 100-
den gowragy öz eserlerini, makalalaryny, goşgularyny, hekaýalaryny
hödürläpdirler. Döredijilige şunça ýaşlaryň gyzyklanýandygynyň özi bu bäsleşigiň
iň bir uly üstünligi. Eminleriň baha bermegine görä, hödürlenen işleriň hiç birini
beýlekisinde kem diýer ýaly däl. Ýöne näme zehin zehinden zyýada diýleni.
Barybir bäsleşik bolandan soň, elbetde, onda ýeňijiniň bolmagy hökmany. Eminler
zehinli ýaşlaryň döredijilik işlerine köptaraplaýyn baha berip, olaryň kämilligine,
täzeçilligine, labyzly hem akgynlylygyna, ýerlikliligine üns çeken bolsalar gerek.
Netije-de bolsa, ýaşlaryň 41 sanysy bu bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.
Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi
tarapyndan sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.
“Berkarar döwletiň-ylham joşguny” bäsleşiginiň ýylyň-ýylyna şeýle ýokary
derejede guramaçylykly geçirilmegi Watanymyzyň dürli künjeginde okaýan,
işleýän zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, olaryň döredijilik
ukybynyň kämilleşmegine uly täsiri bar. Bulardan başga-da, ýene bir zady belläp
geçmek zerur. Bäsdeşligiň bar ýerinde ösüş bar. Diýmek biziň medeniýetimiz,
sungatymyz, edebiýatymyz, žurnalistikamyz barha ösýär, kämilleşýär. Zehinli
ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Olar özleriniň kämil eserleri bilen edebiýat we
sungat giňişligine çykýarlar. Halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini, dünýä
medeniýetindäki ornyny, at-abraýyny belent derejelere göterýärler.
Kalby gojaman Hazar deý tolkunly, ümmülmez Garagum sähramyz kimin
ýyly, akgynly Jeýhun ýaly joşgunly, howalaly Köpetdag dek belent sepgitleri
nazarlaýan türkmen ýaşlarynyň döredijilik ukybyny ýüze çykarmaga,
ýaşlarymyzyň döwür bilen aýakdaş gidýän, joşgunly hem kämil eserleri
döretmeklerine uly goltgy berýän, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy
ösdürmäge giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza tükenmez alkyşly
sözlerimizi aýdýarys. Goý, döredijilikli ýaşlaryň Hak howandary belent mertebeli
Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işlerinde hemişe rowaçly
menziller hemra bolsun!
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby