Bilşimiz ýaly, Covid-19-yñ dünýäde saglyk ulgamyndan soň ekonomika, bilim we beýleki ulgamlara täsir uly boldy. Käbir ýerlerde mekdepdir ýokary okuw jaýlary mejbury togtadyldy, şol sebäpli okuwçydyr talyplaryň bilim almaklary üçin käbir öňüni alyş ýollary gözlenildi.
Şu maksatdan ugur alyp, käbir ýurtlar täze telekanal açyp sapaklary düşündirip başladylar. Käbir ýokary okuw jaýlary bolsa onlaýn görnüşde sapak geçip başladylar. Sapagy geçmek üçin diňe wideorolige düşürmek ýeterlik däldir. Okuwçylaryň düşünip-düşünmedigini barlamak üçin jogaplaryny bilmek hem esasy maksatdyr.
Şol sebäpli birnäçe internet programmalary ulanylmaga başlanyldy. Meselem: whatsapp, messenger, facebook. Ýöne bu programmalar 2 kişini öz aralarynda baglap bilýärler.
Ady agzalan programmalardan başga ZOOM programmasy has ökde çykdy. Sebäbi şol birwagtda ýüzlerçe adamyny hem ses bilen hem wideo arkaly baglamagy ulanyjylara hödürledi. Mugallymlar öýlerinde sapak geçýärler, okuwçylar bolsa öz telefon/monitor/tablet ekranlarynda mugallymyny diňläp, sorag berip, jogap almagy başardylar. Bu programma diňe bilim ulgamynda däl, eýsem, hemme ulgamlarda giňişleýin ulanylmaga başlanyldy. Iş ýeri bolan hemme ýer onlaýn ýygnak geçirip başlady. Döwletara, hökümetara ýygnakdyr, masalahatlar alynyp baryldy.
ZOOM programmasy hakynda aýtsak, plaýmarketlerden mugt alyp, mugt agza bolup ulanylyp bilinýär. Bu programma 21.04.2011ý. senesinde Eric Ýuan tarapyndan ABŞ-niň Kaliforniýa ştatynda guruldy/döredildi. 2013-nji ýylyň ýanwar aýyndaky Biržadaky bahasy 24 million $, 2015-nji ýylyň fewral aýynda 300 million $, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda 1 milliard $, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 20 milliard $ bahasy bolup durýar. 14.07.2020ý. senesindäki Birža bahasy bolsa 73,5 milliard $ bara-bar bolup durýar.
Bu programmanyň ulanylyş göwrümi köpelendigi üçin Whatsapp programmasy hem birwagtda 50 kişilik widio aragatnaşygy ýola goýmakçydygyny duýdurdy. ZOOM programmasy bilen kompýuterde slaýtlary arkaýyn işlenip bilinmegi bolsa, ýene-de bir gezek üstüligini subut edýär.
Sözümizi jemläp aýtsak, bu ägirt girdejili programmany döretmek üçin BILIM ulgamynyň täsirini ýene-de bir gezek subut edýär.
Hudaýberdi Baýew