ABŞ-nyň Adalat ministrligi Ýel uniwersiteti bilen bagly iki ýyl dowam eden
derňew işini tamamlady. Edara “aziýa gelip çykyşly amerikanlaryň we ak bedenli
dalaşgärleriň bikanun kemsidilýändigini” anyklady, bu barada onuň metbugat
gullugy habar berdi.
“Aziýa gelip çykyşly amerikanlaryň we ak bedenlileriň hataryndan dalaşgärleriň
aglabasy üçin okuwa kabul edilme mümkinçiligi şular ýaly akademiki üstünligi
bolan arza beriji – afrika-amerikanlar bilen deňeşdirilende 1/4-den 1/10-e çenli
barabar bolýar” – diýlip, beýannamada aýdylýar.
“Jyns babatda gowy kemsidijilik bolmaýar. Amerikanlary jynsa we etniki
toparlara bikanun bölmek stereotipi we bölünişigi berkidýär. ABŞ-da döwlet
institutlary ähli adamlara, olaryň bedeniniň reňkine garamazdan, birmeňzeş we deň
hormat bilen garamalydygyny birwagt boýun aldylar” – diýip, raýat azatlygy
boýunça baş prokuroryň orunbasary Erik Draýbend belleýär.
Derňew işi 2018-nji ýylyň sentýabrynda, ýagny üç sany ýokary okuw
mekdebiniň – Ýel we Braun uniwersitetleriniň hem-de Dartmut kollejiniň gara
bedenli adamlaryň kabul edilmegini goldap, aziýalylara ýokary talap
bildirendiklerini tassyklaýan birnäçe aziýa-amerikan edaralarynyň şikaýatyndan
soň başlady. Braun bilen Dartmuta nägilelik subutnamalaryň ýetmezçiligi sebäpli
gözden geçirilmedi.
Derňew işiniň netijesi Adalat ministrliginiň Ýel uniwersitetinden “2020-2021-
nji ýylda bakalawra kabul edilişik döwründe jynsy ýa-da milli gelip çykyşy
ulanmazlygy” talap etmegi boldy. Eger-de Ýel dalaşgäriň jynsyny ýa-da milletini
göz öňünde tutmak islese, ol ilki bilen jyns paýy boýunça meýilnamany
hödürlemek bilen Adalat ministrligine duýdurmaly.
Öz gezeginde Ýel uniwersiteti Adalat ministrliginiň jyns taýdan kemsidijilik
babatda çykaran netijesini ret edýär. “Biziň uniwersitetimiziň ähli federal
kanunlary berjaý etmäge meýilliligini nazara almak bilen, bizi Adalat
ministrliginiň uniwersitetimiziň derňew işi bilen doly derejede hyzmatdaşlyk
edendigine garamazdan, ähli maglumatlary ýeterlik ýagdaýda seljermän özüniň
işini düşnüksiz usulda tamamlandygy geň galdyrýar. Eger-de seljerme işi doly
derejeli bolan bolsa, onda biziň hereketimizde hiç hili federal kanunlary bozmanyň
ýokdugy düşnükli bolardy” – diýip, uniwersitetde belleýärler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri ABŞ-nyň hökümeti Ýel uniwersitetini ak bedenli adamlary kemsitmekde aýyplady
ABŞ-nyň hökümeti Ýel uniwersitetini ak bedenli adamlary kemsitmekde aýyplady
