Möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gündelik keseliň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýeterlikdir. Kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek (iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli), maşklary berjaý etmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny kabul etmek (1,5-2 litre çenli), kadaly ukyny almak hem-de zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli: elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly; asgyranyňda we üsgüreniňde agyz-burnuňy eliň aýasy bilen ýapman, tirsegiň bilen ýapmaly ýa-da bir gezeklik süpürgiçleri ulanmaly (ulanylandan soň, olary agzy daňylýan gaba salyp zyňmaly); eliň bilen ýüz-gözüňi ellemeli däl; elleriňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly.
Howada tozan bölejikleriniň kadadan agdyklyk edýändigi sebäpli lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmagy we howpsuz 2 metr araçägi saklamagy unutmaly däl. Bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk dakynmaly däldir, ulanylan örtükleri bolsa, ýörite gaba salyp zyňmaly. Köp gezeklik örtükleri düzgün boýunça ýuwup, gyzgyn ütük bilen ütüklemeli.
Bulardan başga-da, öýde we işde otaglaryň howasyny çalşyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Düzüminde hlor saklaýan arassalaýyş serişdeleri ýokanç keselleriň öňüni almakda has-da netijelidir. Ykjam telefonlary ýa-da gündelik ulanýan beýleki esbaplaryňyzy zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen yzygiderli arassalap durmaly.