“Ruh”

Bu waka bolan badyna gussaly habary aýalyma ýetirmek üçin öýe
howlukdym. Ýöne, ol, göwnüme bolmasa, asla meni diňlemeýän ýaly. Ol asla men
barmyşyňam diýenok. Ol içimden parran seredip, özüne içer ýaly bir zat guýundy.
Telewizory işletdi. Şol pursadam telefon jyňňyrdady. Ol telefonyň ýanyna bardy.
Trubkany galdyrdy. Onuň ýüzi çytyldy. Ajy gözýaşlar onuň gözünden paýrap
çykdy.

Çarlz Enraýt.

“Söz aýtmak”

Aýly gije. Tüýs wagty. Şemleriň ýagtysynda agşamlyk nahary. Ýakymlyja
italýan restoranjygy. Gelşiklije gara köýnek. Kaşaň bezelen saç, ýylpyldap duranja
gözler, inçeden naşyja gülki. Bile bolup ýörenimize eýýäm iki ýyl. Ajaýyp
pursatlar! Hakyky söýgiň –– iň gowy dostuň, başga hiç kim. Şampan çüýşesi!
Elimi hem ýüregimi hödürleýän. Özem ýeke dyzymda. Adamlaram seredişýärmi?
Goý seretsinler!
O nähili ÝOK?!

Larisa Kerklend.

“Bu bir ýyl öň bolupdy”

Dug ýeňiljek mymyk şemala ýüzüni aldyryp Jouä seredip durdy.
–– Salam, Joui! –– Dug aýtdy.
Töwerek daş ümsümlikdi.
–– Bagyşla meni, Joui. Men beýle bolmagyny islämokdym. Ynanaý, gara
çynym. Täze ýylyň gutly bolsun, Joui!
Dug Jouiniň guburyna bägüli goýdy-da, haýaljakdan daşlaşyp ugrady.
–– Haçanam bolsa bir wagt meni şol gije maşyny serhoş halda
dolandyrandygym üçin bagyşlap bilermiň? –– ol sorady.

Greýs Kagimbaga.

“Bakjalykda”

Onuň haýdap ylgap gelşine gözi düşende gyz bakjalykda durdy.
–– Tina! Gülüm! Gymmatlym! Meň durmuşda barym!
Ahyry gyz onuň dilinden garaşýan ýakymly sözlerini eşidipdi.
–– O, Tom!
–– Tina, meniň güljagazym!
–– O, Tom, menem seni şeýle bir söýýän!
Tom oňa golaý geldi, dyza çöküp oturdy-da çaltjak ony bir gapdala süýşürdi.
–– Meniň güljagazym! Sen meniň söýgüli bägülimi depeläp dursuň!

Houp Eý Torres.