Alymlar gadymy Ur şäherinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde ýüzi
ýazgyly toýundan ýasalan «kitaplaryň» üstünden barypdyrlar. Olar biziň
eýýamymyzdan ozalky 800-nji ýyla degişlidir. Taryhçy alymlaryň geçiren
ylmy-barlaglary netijesinde, bu gymmatly tapyndylar toplumyna ilkinji
kitaphanalar diýmek mümkindir.
Biziň eýýamymyzdan ozalky 600-nji ýylda Mesopotamiýadaky
ybadathanalarda we köşklerde ýörite gurnalan, özünde dürli kitaplary jemleýän
kitaphanalar bar eken. Ýüzi ýazgyly ýasy toýun bölekleri kitap hökmünde
ulanylypdyr. Şeýle ýasy toýun bölekleriniň müňlerçesi ybadathanalarda we
köşklerde öz mowzuklary boýunça aýry-aýry ýygnalyp goýlupdyr. Alymlar
eýýäm şol döwürlerde ilkinji kitaphanalaryň işiniň ýola goýlandygy barada
tekrarlaýarlar.
Gadymy müsürlileriň hem kitaphanalary bar eken. Olar ybadathanalarda
döredilipdir. Şol kitaphanalara ruhanylar esewan bolupdyr. Ýüzi ýazgyly
papirusdan ýasalan kitaplar togalanyp, bagjyk bilen açylmaz ýaly daňlan
görnüşde bolupdyr. Gadymy döwürdäki iň meşhur kitaphana Aleksandriýada,
Müsürde ýerleşip, olar biziň eýýamymyzdan ozalky 300-nji ýylda döredilipdir.
Kitaphanada azyndan 700 000 sany düýrlenen papirus «kitaplary» saklanypdyr.
Olaryň katalogy düzülipdir, barysy tertipleşdirilip, edil häzirki döwrüň
kitaphanalaryndaky ýaly rejeli goýlupdyr.
Rimliler ilkibada kitaphanalar bilen onçakly gyzyklanmandyr. Ýöne
grekler bu babatda olara täsirini ýetiripdirler. Şeýlelikde, rimliler köpçülikleýin
kitaphanalaryň ulgamyny döredipdirler. Rimiň barly adamlary ilat üçin elýeterli
kitaphanalary döredip, bilimiň ösmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar.
Rimlileriň irki döwürdäki kitaphanalarynyň köpüsi ýygnanyşyklaryň geçirilýän
ýerlerinde ýerleşipdir. IV asyrda Rimde 28 sany köpçülikleýin kitaphana bar
eken. Wagtyň geçmegi bilen olaryň köpüsi ýangynlarda, talaňçylyklarda, çyg
çekmeden weýran bolupdyr.
Türkmenistanyň çäginde Nusaý şalygyndaky, Köneürgençdäki,
Amuldaky, Dehistandaky, şeýle hem Gadymy Merwdäki iri kitaphanalar hem
dünýä belli bolupdyr. Bu kitaphanalarda dürli mowzukly kitaplaryň müňlerçesi
ýerleşip, dünýäniň alymlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Hormatly
Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji
kitabynda: «Merw kitaphanalary barada meşhur arap alymy Ýakudyň: «Men
Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy.
Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary
görmedim… Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga
mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem
kesä sowýardy» diýen ýatlamalaryny mysal getirmek isleýärin» diýilmegi hem

dürli ýurtlaryň alymlarynyň ata Watanymyzdaky kitaphanalara ýokary baha
berendigi barada aýdylýar.
Köpçülikleýin kitaphanalar häzirki görnüşde XIX asyrda Angliýada
peýda bolupdyr. Iňlis parlamentiniň karary bilen 1850-nji ýylda köpçülikleýin
kitaphanalary açmaga ygtyýar berlipdir. Häzirki döwürde köpçülikleýin
kitaphanalara jemgyýetçiligiň ösüşiniň esasy hökmünde garalýar.

Hudaýbergenowa Elmira,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.