Britaniýaly we amerikaly alymlary, flawanollaryň – kakaoda artykmaçlyk
edýän antioksidantlaryň – az hereket edýän adamlaryň özüni duýuşlaryna,
işjeňligine we çydamlylygyna nähili täsir edýändigini anykladylar.Bu barlag 40-60
ýaş aralygyndaky 11 sany erkek we 6 sany aýal maşgala gatnaşdy.
European Journal of Applied Physiolog ylmy žurnalyň habaryna görä, synag
edilýän adamlar iki topara bölündi. Olaryň hemmesi birmeňzeş orta güýçli
maşklary ýerine ýetirdiler, ýöne bir topar gözegçilik topary, 2 – nji topar bolsa
kakao-goşundysy bilen baýlaşdyrylan içgini kabul etdiler. Gatnaşanlaryň hemmesi
hroniki keselleri bolmadyk sagdyn adamlar.f
Barlagda, kakaonyň ýürek urşunyň kadalylygyna hem-de çydamlylygy kömek
edip, nähili täsir edýändigini görkezdi. Bedeniň iş döwründäki herketlere, täsir
edýän wagtynyň 40-dan 34 sekuntda azalandygy bellendi. Bu bolsa, flawonollaryň
myşsalary gan bilen üpjün etmegine, öýkenindäki gaz çalşygyny
gowulaşdyrmagyna we kislorodyň siňdirilmegini çaltlaşdyrýandygyna kömek
edýär diýen çaklamany subut etdi.

Altynjemal BAGŞYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.