Mukaddes topragymyzyň her daban ýerinde asyrlara ýaň salýan
pederlerimizden miras beýik namalar, şirin nagmalar heňňamlaryň hakykatyny
hemra edinýän, geçmişiň paýhasdan püre-pür şanly wakalarynyň unudylmaz
pursatlaryny ebedilige atarýan hakyda kökenidir. Hut, şolar nesillere synmaz erk,
tükenmez şöhrat, mizemez mertebe, yranmaz binýat bagyşlaýar. Köňülleri keşde
bolup nagyşlaýar. Dünýä taryhynda atlary hormat bilen ýatlanylýan türkmen
serkerde soltanlarynyň gahrymançylygyny, alym-aryflarynyň paýhas ýüki ýetik
dür dänelerini milletimiz kalbynyň töründe ezizleýär.
Milli taryhymyza kök uran türkmen soltany Jelaleddin Menguberdiniň ismi,
edermenligi, garadangaýtmaz maksadaokgunlylygy, watansöýüjiligi,
ynsanperwerligi hem-de belent adamkärçiligi mertebe münberinde uly sarpanyň
eýesidir. Bu hakykat Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
birnäçe kitabynda anyk mazmunda aýdyň şöhlelenýär. Esasan-da, döwlet
Baştutanymyz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda türkmeniň serkerde
soltany Jelaleddin Menguberdiniň adyny buýsanç bilen hatyralaýar. Munuň özi
çeper eseriň özüne çekiji ruhy güýjüniň taryhy şahsyýetleriň keşpleriniň dörediliş,
açylyş derejesi we onda ulanylýan çeperçilik serişdeleriniň milletimiziň dürdäne
diliniň, nakyllaryň hem-de atalar sözleriniň, däp-dessur, adat bilen bagly
wakalaryň ulanylyş aýratynlygyna baglydygyny äşgär edýär. “Mertler Watany
beýgeldýär” diýen ajaýyp eserinde Hormatly Prezidentimiz okyjynyň ünsüni bir
taryhy hakykatyň jümmüşinde jemleýär: “Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň
hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky
rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň
buýsançly taryhydyr. Jelaleddin soltanyň atly söweşijileri goşunyň içine böwsüp
girip, urdum- gaçdy oýnuny edýärler. Güýçli hem taýýarlykly goşun yza çekilmeli
bolýar. Halkymyzyň edermen gerçegi Jelaleddiniň atlylary duşmana esli wagt,
ýazylganlyk bermeýärler. Olary güýçden gaçyrýar, elinden gelenini edip,
gahrymançylyk görkezýär. Ahyrynda az sanly urşujysy bilen möwçli derýanyň kert
kenarynda galýar, duşmanlar ol näderkä diýip, heşelle kakmaga başlaýarlar. Batyr
soltan özüni aty bilen derýa oklaýar. Mert bedew ýüzüp, ony derýanyň beýleki
kenaryna alyp çykýar. Ony synlap duran duşmanlar haýran galýarlar. Onuň
yzyndan kowmaga bolsa olaryň hiç biriniň- de gaýraty çatmaýar. Jelaleddin gahar
– gazap bilen, olaryň parahat oturan ilata sütem edýändikleri üçin, ýene
söweşmäge hyjuwlanypdyr. Ol tä ahyrky demine çenli parahat ýaşaýşy, adalaty
gorapdyr. Batyr soltanyň ady rowaýata öwrülipdir. Jelaleddiniň ady ýakyn-u-alysa
ýaýrapdyr.” Çawy ýedi yklyma ýaýran arslan ýürekli Jelaleddini Çingiz han
tarapyndan gara bulut ýaly abanyp gelýän howp hiç hili hopukdyrmandyr. Ejizlik,
gorky ýaly ruhuňy garaňkyradýan närselerden ýüreginde zerre ýaly duýgy
bolmadyk Jelaleddiniň adyny rowaýatlara öwren edermenligi Çingiz hanyň
ýüregini ahmyr bilen elendiripdir. Bu barada Arkadag Prezidentimiziň gürrüňi
edilýän kitabynda buýsanç bilen ýatlanylýar: “Türkmen halkynyň deňsiz-taýsyz
edermenligini bu güneşli ülkä goşun sürüp gelen kese ýerli basybalyjylar ykrar
etmäge mejbur bolupdyrlar. Mongol hany Çingiz han Hind derýasynyň boýunda
bolan söweşde, Jelaleddin Meňburnuň gahrymançylygyny görüp, öz
gözügidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny şeýle sözler bilen daşyna
çykarýar: “Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr. Iki girdabyň odundan geçip, halas
boluş kenaryna özüni atdy. Ol uly işleri we sansyz tolgunyşyklary amala aşyryp
biler. Şeýle akylly adamdan dana adam nädip gapyl galsyn!”
Ata-babalarymyzyň serden geçip goran topragynda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwlet gurup, bagtyýar ýaşaýan döwrümizde Hormatly Prezidentimiz
gerçeklerimiziň şan-şöhratyny arşa göterip, atlaryny ebedileşdirýär. Olar bilen
baglanyşykly örän ähmiýetli rowaýatlary, delilleri döwlet Baştutanymyz öz
kitaplarynda täsirliligi bilen beýan edýär. “Mertler Watany beýgeldýär” atly
kitabynda milli Liderimiz Jelaleddin Menguberdiniň kämil şahsyýetiniň kemala
gelmeginde onuň ejesi Aýçeçegiň terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Kitapda
ýazylyşy ýaly, Aýçeçek örän parasatly maşgala ekeni. Oglunyň terbiýesine onuň
özi aýratyn gözegçilik edipdir. Ogluna kimiň harby-söweş tälimlerini we haýsy
ugurlardan ders bermelidigini özi kesgitläpdir. Munuň özi türkmen maşgalasynda
enäniň geljekki kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki möhüm ornundan habar
berýär.
Ady äleme meşhur türkmen gerçeginiň edermenligi hakynda orta asyr
taryhçylaryndan başlap, soňky döwrüň ýazarlaryna çenli örän köp eserleri
döredipdirler. Jelaleddin Menguberdiniň öňdengörüjiligi, mertligi, ugurtapyjylygy,
söweş tärleri, adalatlylygy, geçirimliligi onuň kätibi bolup, söweş hereketlerini,
durmuş wakalaryny edebi mirasymyzyň gatlarynda ebedileşdiren Muhammet ibn
Ahmet an-Nesewiniň türkmen serkerdesine bagyşlap ýazan kitabynda has aýdyň
şöhlelenýär. Onda bellenilişine görä, Jelaleddin garaýagyz, ortadan uzyn boýly,
zybany türkmen, emma pars dilini hem suwara bilýän, gaýduwsyz,
garadangaýtmaz, dana, salyhatly, adalatly serkerde. Soltan ruhubelent şahsyýet.
Onuň ruhubelentligi, kyn pursatlarda hem özüni ýitirmän, esgerleriniň hem ruhuny
göterip bilýändigi Nusaýa baranyndaky ýowuz günlerde, şeýle hem Grigol
Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük” atly kitabynda beýan edilýän Gürjüstanyň
serhedindäki çykmasy örän kyn hem howply, diňe dik gaýalardan hem-de
uçutlardan ybarat Garnis dagyna çykmaly bolandaky wakalarda has anyk ýüze
çykýar.
XII asyrda ýaşap geçen Eýýuby hökümdarlarynyň diwanynyň başlygy
Muhammet ibn Wasylyň eserleri hem Köneürgenç döwleti bilen baglanyşykly
wakalaryň belli bir bölegini janlandyrmak bilen, onuň “Eýýubylar taryhy” atly
eserinde Köneürgenjiň soňky hökümdary Jelaleddin Türkmen örän ýagşy
keşplerde suratlandyrylýar. Soltan Jelaleddin barada giňişleýin maglumat berýän
eserleriň biri hem XIII asyr taryhçysy Alaeddin Atamälik Jüweýniniň “Älemi
eýeleýjiniň taryhy” atly kitabydyr. Bu kitapda Jelaleddin Türkmene degişli birnäçe
bölümler bolup, olar soltanyň ruhy dünýäsini, hüý-häsiýetini töwerekleýin açyp
görkezmekde ynamdar çeşme bolup hyzmat edýär. Jelaleddin soltanyň Çingiz
hanyň ýeňilmezek goşunlaryny haýran galdyryşy baradaky rowaýata öwrülen
wakalar taryhçylar Jüzjanynyň, Reşideddiniň ýazgylarynda hem gabat gelýär.
W.Ýanyň “Jelaleddin” powestinde, soňra onuň bu powest esasynda ýazan “Çingiz
han” romanynda mertlik, batyrlyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri bilen
taryhda yz goýan Jelaleddin soltanyň sahylygy barada söhbet açylýar.
Mahlasy, soltan Jelaleddin Türkmeniň kämil şahsyýeti ýaş nesil üçin görelde
mekdebidir.
Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy