Arizona uniwersitetiniň inžinerleri, biosimbiotik diýip atlandyrylýan, ýanyň
bilen göterilýän täze enjamlary döretdiler. Olar, simsiz elektrik geçiriji
tehnologiýalary we ykjam toplaýjyny ulanyp, zarýad bermezden işläp bilerler.
Bu enjamy döredijiler, dünýäde şuňa meňzeş enjamyň entek döredilmedigini
bellediler. rler, gije-gündiziň dowamynda 24 sagat, hepdede 7 gün zarýad
bermezden işleýän enjamlary hödürlediler.
Şeýle elektronika ýörite adamda ulanmak üçin döredildi. Ol bedeniň
gyzgynlygyna we dürli saglyk görkezijilerine gözegçilik edip bilýär. Sensorlar,
ýeňil hereketlerde hem temperaturanyň üýtgemelerini kesgitläp bilýärler, meselem
basgançakdan çykaňyzda.
Biosimbiotik enjamlar, hereket ediş radiusy birnäçe metr aralyga ýetýän
simsiz ulgamdan energiýa alýar. Enjamlarda, energiýa toplaýjynyň barlygy sebäpli,
olar ulgamyň çäginden daşarda-da işlemegini dowam etdirip bilerler. Nazary
taýdan, ony bir jaýda ýerleşdirseňiz, enjamlara zarýad bermek hakynda, pikir
etmek hem gerek däl.
Şeýle datçikleriň haçan satylykda peýda boljakdygy entek belli däl.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Alymlar hiç wagt zarýady almazdan işläp bilýän elektronikany oýlap tapdylar
Alymlar hiç wagt zarýady almazdan işläp bilýän elektronikany oýlap tapdylar
