Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman plastik penjireleri gaty berk ýapylýar. Şol
sebäpli, otagda kömürturşy gazy kem-kemden ýygnanyp biler, onuň köp mukdarda
bolmagy bolsa saglygymyz üçin howpludyr.
Ekolog we laboratoriýa müdiri Anton Ýastrebsew "Plastiki penjireler sebäpli
otaglara arassa howa girip bilmese, otagdaky kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy
yzygiderli ýokarlanar we kislorodyň konsentrasiýasy peseler, bu sebäpli adamyň
ýagdaýy erbetleşer" düşündirdi.
Toplanan kömürturşy gazyny otagdan çykarmak üçin hünärmen, penjiräni 15
minut açyp goýmagy maslahat berýär. Otagyň temperaturasynyň bir ýa-da iki
dereje peselmegi zerur, diňe şondan soň penjiräni ýapyp bolýar. Anton
Ýastrebsew, otagy ýagyş ýagýan wagtynda ýa-da ýagyş ýagandan soňra
şemallandyrmak has gowy diýip belledi: "Gurum, tozan, sement, teker bölejikleri
we howada uçýan beýleki zibiller ýere ýere ýapyşar". Şol sebäpden, jaýa girýän
howa hökman arassa bolar.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Saglyga zyýan bermezden plastik penjireli otaglaryň howasyny nädip ýelejiretmeli?
Saglyga zyýan bermezden plastik penjireli otaglaryň howasyny nädip ýelejiretmeli?
