Türkmen topragynyň gadymylygy dünýäniň syýahatçylaryny we taryhçylaryny Garaşsyzlyk ýyllary içinde has heYsm özüne çekdi. Hormatly Arkadagymyzyň dostana syýasatlary netijesinde Bitaraplyk statusyny alan Döwletimizde halkara gatnaşyklaryň gerimi has- da giňedi. Şol sebäpli- de dünýäniň çar künjünden gelýän alymlardyr, jahankeşdeler dünýäniň iň ösen siwilizasiýalaryyň biri bolan Änew medeniýeti bilen içgin gyzyklanmaga başladylar.Munuň özi türkmen topragynyň iň gadymy siwilizasiýalary özünde saklaýan medeniýetdiginiň bolandygyny subut edýär.
Änew medeniýeti biziň eramyzdan öň 3- nji 4 – nji müňýyllyklara degişli bolup, ol iň gadymy medeniýetlere , siwilizasiýalara degişli bolan şumer – türkmen baglarynda hem ýer alan toprak hökmünde öz gadymylygyny subut edýär. Änew medeniýetiniň belli bir böleginiň taryhy Aşgabat şäheriniň ýerleşýän ýerinde hem kök tutandygyny şäherimizde ýerleşýän gadymy galyndylar subut edýär.
Bu bolsa, Aşgabat şäheriniň taryhyna ser salynanda onuň kökleriniň has gadymy döwürlerden gaýdýandygyny, hat- da dünýäniň ilkinji siwilizasiýon merkezi bolan Mesopotamiýa bilen galtaşýandygyny subut edýär.
Aşgabadyň goýnunda ýerleşýän, ýagny Köpetdaga golaý ýerde ýerleşýän Ak – depe taryhy ýadygärligi biziň eramyzdan öň 4 – 1- nji müňýyllyga degişli bolan Änew medeniýgetini öz içine alýar.
Akdepe taryhy ýadygärligi Aşgabadyň häzirki topragynyň edil ýüreginde, iň ajaýyp meýdançasynda ýerleşýär.
Akdepe ýadygärligi biziň eramyzdan öň 4-1 müňýyllyga degişli bolup, B.A. Küftiniň (alym) Aşgabadyň töwereklerinden tapylan gadymy ýadygälikleriň, gap- gaçlaryň galyndylaryndaky nagyşlaryň bir simwolda berkidilmegi iň gadymy asyrlarda- da birligiň bolandygyny subut edýär.
Şol gap – gaçlaryň diňe bir Aşgabadyň töwereklerinden däl- de eýsem dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasyna degişli bolan Şumer medeniýetinde – de gabat gelýändigi taryhyň çuňňur köklerini yzarlaýan hadysalaryň biridir.
Akdepe ýadygärligi bu günki gün Aşgabat şäheriniň kökleriniň iň gadymy siwilizasiýalara degişlidigini subut etmesi, iň irki asyrlarda- da ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän söwda nokatlary bolandygyny tassyklaýar.
Akdepe ýadygärligi taryha uzyn gollaryny salgap, Aşgabadyň topragynyň beýik ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşen bir nokat bolandygyny subut edýän ýene bir subutnamalaryň biridir.
Akdepe taryhy ýadygärligi bilen baglanşykly gazuw- agtaryş işleri geçirilende dünýäde iň gyzykly zenan statuetkasynyň bu ýerden tapylmagy dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekdi.
Şol statuetkada- heýkeljikde zenan öz perzendini bagryna basyp otyr.Bu bolsa, türkmen halkynyň zenanlarynyň mähirli ojaklarynyň eýesidigini subut edýän hadyadyr.
Bu gün Ak şäher Aşgabat özüniň gözelligi,arhitektura ýadygärliklerniň, binalarynyň ak meremere bürenen keşbi bilen dünýäniň iň iri syýasy, medeni we ykdysady, parahatçylygy ýaýyjy merkezine öwrüldi.
Paýtagtymyz Aşgabadyň häzirki keşbi Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk ruhuna beslenen. Uzaklardan seredeniňde Ak depe ýadygärligi göýäki müňýyllyklardan salam ýollap, bu günki günüň dostanalygynyň aňyrsynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji halkdygyna, dostluga- doganlyga uly sarpa goýýandygyny aňladyp otyr.Taryhdan gelýän gyzgyn salam bolsa, Bitaraplygyk statusyny alan, täze, Berkarar döwlete owaz bolup ýaňlanýar. Bitaraplyk dünýäniň çar künjüne ýaýran ata- baba türkmen ruhuna müňýyllyklardan gelýän salama dostluk bilen jogap berýär.
Bitaraplyk- Aşgabadyň belent hem buýsançly başynyň asmana, köküniň bolsa, çuňňur taryhy köklere uzaýandygynyň alamatydyr.
Maksat Hümmedow
TDBGI-nyň Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäri fakultetiniň talyby