Bitaraplyk baýramynyň öňsyrasynda ýurdumyzda şatlykly wakalar durmuşa geçirilýär. Her bir halkyň ruhy hazynasynyň açary, elbetde, onuň dilinde, edebiýatynda, däp-dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Her bir halkyň diliniň taryhynyň aýratyn öwrenilmesi-de hut şu sebäpli amala aşyrylýar. Halkyň ösen ruhy germewini kemala getirmek üçin şol halkyň wekilleri, şol halkyň döwleti nesillerini okadýar, medeniýetini öwredýär, ony esasan hem dil medeniýetiniň üsti bilen kemala getirýär. Elbetde, halkyň ösen medeniýetini gazanmak bir başga, onuň taryhyny ýygnamak, ony gelejege äkitmek sungaty welin düýbünden başga zat. Şonuň üçin hem paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet arhiwiniň bosagasyndan baryp her bir adam öz medeniýetiniň hem-de sungatynyň geçmişi bilen tanyşmak islese, ýene-de bu işi öz ene diliniň üsti bilen amala aşyrýar.
Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, diliniň hem-de nusgawy hazynasynyň keşdeli köňlüni öwrenmek elbetde, edebiýatçylaryň paýyna düşýär. Emma onuň manylaryny ýerbe-ýer ulanmak üçin ussatlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.
Häzirki döwürde biziň gündelik dilimizi Täze Galkynyşlar zamanamyzyň dilçileri ürç edip öwrenýärler. Öz ene diliňi, onuň basymlaryna hem-de ümlüklerine çenli inçeden-inçe öwrenmek ýaly sogap iş, megerem, ýok bolsa gerek.
Magtymguly özüne “sözlär tili türkmeniň”diýýän bolsa, onda söz birligini Magtymguly ýäly beýik ägirdiniň döredijiliginde şöhlelendirýän halkyň beýikdigini ýene bir gezek nygtamaga ygtyýarymyz ýeter diýip pikir edýäris.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy hakynda söz açmak diýmek, türkmen halkynyň diliniň köpdürliliginden söz açmak diýmekdir.
Türkmen halkynyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň taryhynyň çeşmeleri, gelip çykyşy we dünýäniň dillerinden şahalanyp aýrylyşy hakda gürrüň açylanda türkmen diliniň iň gadymy dilleriň biridir diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.
Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl– düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar diýen pikir-düşünje häli-häzire çenli bizi öz erkine goýmaýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijligine çuňňur hormat goýýan halkymyz bar. Hut şu ýyl Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen Magtymguly Pyragynyň ajaýypheýkeliniň dikeldilmeginiň işleri gyzgalaňly alynyp barylýar.
Hormatly Arkadagymyzyň hut öz saýlan ýeri bolan Köpetdagynyň eteginden gurulýan bu ýadygärlik bolsa, Türkmen halkynyň akyldar çyragynyň uzaklardan Köpetdagyň howasyndan dem alyp, Garaşsyz , Bitarap döwlet isländigini , munuň bolsa, şu günki gün amala aşandygyny subut edýän ýene bir täzelik bolar.
Bitaraplyk baýramynyň öňsyrasynda bu waka her bir türkmenistanlynyň, galyberse- de daşary ýurtda ýaşaýn türkmen raýatlarnyň we türkmen dostlarynyň göwnüni galkyndyrdy.
KAKABAÝ KAKABAÝEW
TDBGI-NYŇ MUGALLYMY