Abu Nasr al-Faraby taryhy maglumatlara görä, 870-nji ýylda dünýä inipdir.
Ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly baş çykarypdyr. Arapşynas, belli terjimeçi
Rahmet Gylyjow oňa bagyşlan ýörite makalasynda XIV asyrda ýaşan meşhur
taryhçy Ibn Hallikanyň şu sözlerini getirýär: «Abu Nasr al-Faraby mantyga, saza
we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli köp sanly eserleriň awtorydyr, iň beýik
musulman filosofydyr. Bu ugurlarda onuň mertebesine ýeten hiç kim ýokdur.
Hatda reýis Abu Aly Ibn Sina hem şonuň eserlerini okap kämilleşipdi, öz
eserlerinde al-Farabynyň sözlerini peýdalanypdy. Ol türkmen adamsydyr. Türkmen
ilinde doguldy, şol ýerde önüp-ösdi, elmydama türkmen lybasynda gezdi». Kämil
çykan okumyş alym Faraby Aristoteliň känbir elýeter bolmadyk «Köňül» eserini
100 gezek dagy, «Tebigy mukam» eserini bolsa 40 gezek okap çykandygyny
ýazypdyr. Aristoteliň eserlerine düşündiriş (teswir) ýazandygy sebäpli “Ikinji
mugallym” adyna eýe bolýar. Ol Platona hem teswir ýazypdyr.
Syýasat, psihologiýa, tebigy bilimler, matematika, lukmançylyk, pelsepe,
estetika, sazçylyk, logika – bularyň hemmesi Farabynyň meşgul bolan ylymlary
bolupdyr. Faraby jemi 160-a golaý ylmy iş ýazypdyr. Ol Gündogarda ilkinji bolup,
pelsepe sözlügini düzüpdir.Biz sazy sungat derejesine çykaran alym Faraba
guwanmalydyrys.
Bibimerýem GELDIMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby