Hormatly Prezedentimiziň başlangyçlary esasynda taryhymyza uly sarpa goýulyp, güneşli diýarymyzyň nähili belent döwlet bolonyny ýaşlara ýetirmek üçin örän uly işler alynyp barylýar. Gadymy binalarymyzda täzeden abatlaýyş işleri geçirilip, olorda arheologik işleri geçirip taryhymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Bu işler hatda döwletimiziň iň çetki obalarynda-da giňden öz beýanyny tapýar.

Muňa mysal hökmünde döwletimiziň Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşip ençeme syýahatçylaryñ, alymlaryñ ünsüni özüne çekýän Astanababa binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligini görkezip bolor. Onuñ ilkinji binýady XII asyrda desgalandyrylypdyr. Binagärlik toplumynyñ dürli döwürlerinde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuñ iñ gadymy ymaraty metjidiñ jaýydyr. Metjit bolsa XII asyrda ýagny, Seljuklylar soltanlygynyñ döwründe bina edilipdir. Diwanahana hem metjit bir wagtda gurlupdyr. Bu binagärlik toplum gadymy Zemiñ Maýmarg şäherinde bina edilip, ol açyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli jaýdan, metjitden, Zeýd Alynyñ we Zubeýd Alynyñ guburhanasyndan, diwanahanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Binalaryň gurluşy örän üýtgeşikligi bilen tapawutlanyp, ony her bir gören adamda özüni XII asyrda gezip ýören ýaly duýgylary döredýär.

Ençeme ýyllardan bäri alymlar bu ýerde bolup, ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany esasynda “Atamyrat” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyñ döredilmegi bilen taryhy mirasymyz kanun esasynda gorag astyna alyndy. Bu ýadygärlik ylmy taýdan öwrenilýär we ýygy-ýygydan abatlaýyş işleri geçirilip durulýar.

Astanababa mawzoleýi barada ýerli ilat arasynda dürli rowaýatlar bar. Şolaryñ birinde şeýle diýilýär:

Geçen zamanlarda Balhyñ Çar welaýatynyñ hökümdary bolan Ibn Aly Nur ogly özüniñ ýekeje perzendi Zubeýdany Kerki-Çärjew (häzirki Atamyrat-Türkmenabat) aralygyndaky halkyñ hökümdaryna durmuşa çykarýar. Durmuş gurandan soñ, köp wagt geçmänkä-de ol aradan çykýar. Bu habary eşiden Ibn Aly Nur ogly özüniñ ýalñyz, söýgüli gyzynyñ hatyrasyna onuñ mazarynyñ üstüne ajaýyp bir bina gurmagy makul bilipdir. Merwden, Samarkantdan ady belli ussalary çagyrypdyr we uly ili haýran galdyrar ýaly owadan bina gurmagy buýrupdyr. Bina salnyp gutaryberende ol bir gijäniñ içinde ýykylypdyr. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanypdyr. Bu ýagdaýa gaty gamgynlanan Nur oglunyñ düýşünde bir goja kümmeti Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzynyñ ölümi sebäpli gam-gussadan halas bolmadyk Ibn Aly Nur ogly şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelikde-de bina gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol kümmetde, gyzynyñ mazary bilen goñşuçylykda jaýlapdyrlar.

Astanababa obasynyň adynyň döreýşi barada-da şeýle kesgitlemeler bar, “Astana” arap-pars sözi bolup, ol bosaga manysyny añladýar. “Baba” sözi bolsa “Ata”, “Hoja” manysyny berýär, ol “mukaddes bosaga”, “mukaddes öwlüýä” diýmekdir.

Astanababa binagärlik toplumy “Atamyrat” taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy we döwlet tarapyndan goralýar.

Täjigözel HOJANIYAZOWA,

Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyň talyby