Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň,
sebäbi olar başga döwürde ýaşaýandyrlar.
* * *
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
* * *

Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle
gürrüňlerden daşda durardy.

* * *

Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme.
Sebäbi galan adamlar saňa hyzmat ederler.
* * *

Pul soralanda bermedik adamlaryň ählisine «gysganç» diýip bolmaz. Megerem, ol
pul soraýan adamyň gözlerinde özüniň bu puly gazanmak üçin çeken
kynçylyklaryny we onuň aňsatlyk bilen sarp edilişini gören bolsa gerek.

* * *

Bilim bilen ylmyň arasynda uly tapawut bardyr. Bilim bu öň bilýän zadyňy
ýaňadan ýadyňa salmakdyr. Ylym bolsa öň bilmeýän zadyňy öwrenip, ömürlik
ýadyňda saklap, soňra geljekki nesle öwretmekdir.
* * *
Arzuwdyr hyýal hem güýçli adamlara laýykdyr.
* * *

Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmedik, öwgi bilen sögünjiň tapawudyny hem
bilmez.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.