Medeniýetiň ösmeginde we kämilleşmeginde özara medeni alyş-çalşyň örän
uly ähmiýeti bolupdyr. Medeni alyş-çalyş halkara gatnawynyň we söwda
ýollarynyň ýüze çykmagy bilen has-da güýçlenýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüze
çykmagy, onuň orta asyrlarda has uly ähmiýete eýe bolmagy bilen, Gündogar bilen
Günbataryň arasyndaky medeni gatnaşyklar ýygjamlaşýar. Gadymdan gelýän bu
ýol Hytaýy Alynky Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen birleşdiripdir.
Türkmenistanyň çäginde Ýüpek ýoly Merw, Köneürgenç, Sarahs, Amul, Abywerd,
Nusaý ýaly merkezi şäherleriň üstünden geçipdir. Bezirgenlerdir täjirleriň gidip-
gelip duran bu halkara ýoly syýasy, ykdysady, diplomatik, medeni gatnaşyklar üçin
giň mümkinçilikleri döredipdir, halklary biri-birine ýakynlaşdyrypdyr we
ysnyşdyrypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady ähmiýetiniň bolşy ýaly, ol medeni taýdan
hem juda wajyp bolupdyr. Ýoluň ugrundaky şäherleriň kerwensaraýlarynda düşläp
geçýän söwdagärler diňe bir öz harytlaryny satmak ýa-da ýerli harytlary satyn
almak bilen çäklenmän, medeniýeti hem ýaýradypdyrlar. Hut täjirleriň, gezende
syýahatçylaryň, zyýaratçylaryň hyzmaty bilen adamzadyň gazananlary dünýäniň
ähli sebitlerine diýen ýaly ýaýrapdyr.
LÄLE HATAMOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby