Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň habar bermegine görä, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.
Ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, ýeňil hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Düzüminde tebigy gazy çykarýan we ony gaýtadan işleýän pudaklary bolup, üstünlikli hereket edýän gaz senagaty biziň üçin möhüm ulgam bolmagynda galýar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy ileri tutulýan taslamalardyr. Bu sebitleýin taslamalaryň örän uly geljegi bolup, olaryň amala aşyrylmagy bilen, energiýa akymlary üçin täze strategik ugur açylýar, Hindistan we Pakistan ýaly iri, depginli ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetini ýangyç bilen üpjün etmek arkaly geljekde Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki, Ýakyn hem-de Orta Gündogardaky beýleki ösýän bazarlara çykmaga mümkinçilik döreýär.
Türkmenistanyň senagat toplumy «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologik institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak baradaky gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalaryna mynasyp boldy.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, iň täze ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän ylmy önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam eder. Nebitgaz ulgamynda birnäçe iri desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljekde Türkmenistanyň her welaýatynda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistrol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürmek boýunça toplumlary gurmak maksat edinilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Umuman, ýurdumyzy ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan nebit-gaz senagatyny ösdürmek baradaky strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Şahnoza MÖWLÝANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 302-nji toparynyñ talyby