Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alýan we türkmen halkynyň milli medeniýetiniň esasy gymmatlyklaryna daýanýan aňyýet taglymaty hem nazary nusga, hem milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygynyň amala aşyrylyşynyň amaly guraly hökmünde döwletimiziň bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämil derejede alyp barmakda örän wajyp ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sagdyn pikirli kämil şahsyýeti kemala getirmek milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygynyň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabynda biziň ýokarda aýdan pikirimiz şeýle teswirlenilýär: “Dana pederlerimiziň aryrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilmelidir”.[1]
Sazlaşykly ösdürilýän milli bilim ulgamynyň gazananlarynyň netijesinde hem kämil şahsyýeti kemala getirmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Bu derwaýys wezipäniň amal edilmeginiň ýolunda ilkinji zerurlyk ýaşlaryň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr.
Milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygy bilen baýlaşan häzirki zaman mekdebiniň borjy hem ynsanperwerlik wezipesini ýerine ýetirmekdir.
Ekzistensializm, neotomizm, pozitiwizm, neopozitiwizm, pragmatizm we beýleki birnäçe filosofik ugurlar häzirki zaman dünýäsinde şahsyýetiň deformirlenýändigini habar berýärler. Biziň pikirimizçe, dürli filosofik ugurlaryň seljermesini geçirmek bilim prosesinde şahsyýetiň kemala geliş meselesine toplumlaýyn çemeleşmäni işläp taýýarlamaklyga ýardam edýär. Bu babatda şahsyýetiň bitewilik hökmünde ösüşinde aýry-aýry düzüm birlikleriniň we prosesleriň goşandyny anyklamak wajypdyr.
XX asyryň başynda dörän ekzistensializm ozaly bilen adamyň dünýäde öz durmuşyny täzeden başdan geçirmegi baradaky pikiri öňe sürýär. Filosofiýanyň bu ugrunyň wekilleri “Men” dünýäsiniň girdabyna düşen adamyň öz şahsy durmuşyny öňde goýýandygyny nygtaýarlar. Bu filosofiýa üçin obýektiw dünýä diňe subýektiň durmuşynyň çäginde ýerleşýär. Ekzistensialistler obýektiw bilimiň we obýektiw hakykatyň barlygyna şübhelenýärler. Bu ugruň filosoflary indiwid öz-özüni döretmelidir diýip hasaplaýarlar. Bu aýdylanlardan çen tutsak, onda bilimiň maksady çagalara özüni şahsyýet hökmünde döretmegi öwretmekden, olary öz-özüni döreder ýaly okatmakdan ybaratdyr. Çaga zatlaryň we hadysalaryň manysyny özüçe anyklaýar. Diýmek, bu ýerde aň däl-de, duýgular, arzuw-hyýallardyr ynam esasy orny eýeleýär.
Neotomizmiň wekilleriniň işlerinde ahlak esaslarynyň pese düşmegi, jenaýatçylygyň, zalymlygyň, neşekeşligiň artmagy düýpli tankytlanylýar. Neotomistler bilim ulgamyny aşa aňa daýanmakda we aň – pähime çenli duýgyny ünsden düşürmekde aýyplaýarlar. Olaryň pikirine görä, şeýle duýgynyň esasynda söýginiň, bagtyň, erkinligiň we durmuş manysynyň çeşmeleri ýatyr. Çünki, okuw we terbiýe ulgamy aň-pähime çenli ymtylyşy ösdürmäge nazarlanmalydyr.
Bu terbiýe örän çylşyrymly meseleleriň biridir. Ol adam ösüşiniň tebigy önümidir. Aslynda, ruhy taýdan sagdyn şahsyýeti terbiýelemek işi ösüş ýolundaky adamda ahlak gymmatlyklaryny döretmekden başlanmalydyr.
Öz pikirleriňi we hereketleriňi turuwbaşdan adamlara ýagşylyk etmeklige gönükdirmek, gyzmalygy we gaharjaňlygy basyp ýatyrmak, gorkudan we şübhelilikden erkin bolmak, gözellige we adamlara söýgini, öz-özüňe ynamy hem-de tebigatyň bizi gurşaýan adamlaryň özünde jemleýän döredijilik güýjüne ynamy terbiýeläp ösdürmek kämil şahsyýete mahsus ahlak häsiýetlerdir. Şeýle şahsyýet ynsaplydyr, päk ýüreklidir, dogruçyldyr, jogapkärlidir, şepagatlydyr, ünslüdir, sypaýydyr, edeplidir, rehimlidir, duýgudaşdyr. Şeýle hem şahsyýetde adalatlylyk duýgusyny, garaşsyzlygy, içki erkinligi pedagogiki jähetden höweslendirmek we terbiýelemek döwrüň öňde goýýan derwaýys meselesidir.
Eger-de filosofik akym hökmünde pragmatizme salgylanmaly bolsak, onda biz prgamatizmiň esasy düşünjeleri bolan “tejribäniň” we “işiň” okuw prosesiniň özenini düzýändigini görüp bileris. Bu bolsa bilimiň täze filosofiýasydyr. Bilimi ynsanperwerleşdirmegiň geljekki wezipeleriniň biri adama öwrenmegiň, gatnaşyk saklamagyň we döredijiligiň subýekti hökmünde garamakdan ybaratdyr. Bu babatda bize adamyň şahsyýet hökmünde ösüşine gönükdirilen dialogyň konstruktiwligi zerur. Şu ýagdaýda bilim medeniýetiň komponenti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Dürli durmuş ýagdaýlarynda adam maşgala durmuşynyň medeniýetini, kommunikatiw medeniýeti, ýolbaşçynyň ýa-da ýerine ýetirijiniň, işgärler toparynyň agzasynyň wezipesini özleşdirýär. Jemgyýet bilen sazlaşykly gatnaşygynyň çäklerinde şahsyýet öz watanynyň we dünýäniň raýatynyň wezipeleriniň hötdesinden gelýär. Şol bir wagtda onuň “Men” konsepsiýasy işjeňlik bilen emele gelýär hem-de gymmatly manylar bilen baýlaşdyrylýar. Diýmek, şahsyýet belli bir adamyň jemgyýetçilik mazmunydyr.
Filosofik dialektikada mukdar üýtgemeleriniň hil üýtgemelerine geçiş kanuny aýratyn orna eýedir. Dialektiki pedagogika şahsyýetiň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň obýekti we subýekti bolýanlygyndan ugur alýar. Onuň ösüşi daşky ýagdaýlar we adamyň tebigy guramaçylyk derejesi bilen şertlendirilendir. Şahsyýetiň ösüşinde terbiýe wajyp orny eýeleýär. Terbiýe taryhy häsiýete eýe bolan çylşyrymly jemgyýetçilik-durmuşy prosesdir. Adamyň şahsyýeti we işi bitewidir. Şahsyýet işiň dowamynda ýüze çykýar we kemala gelýär.
Umumadamzat medeniýetiniň üstünliklerini özleşdirmek üçin nesiller şol üstünlikleriň sakasynda duran, doly kybapdaş bolmasa-da birmeňzeş işi ýerine ýetirmelidir. Şonuň üçin hem bar bolan mümkinçilikleriň çäginde terbiýeleýänleri özbaşdak durmuşa we köptaraply işe ugrukdyrmagy gurnamagyň öz maksady we wezipeleri bolmalydyr.
Şeýlelik-de, ynsanperwerlik we şahsyýet nukdaýnazaryndan ugur alyp okuw prosesini gurnamaklyk ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin didaktiki mümkinçilikleriň ählisini üpjün etmäge ukyplydyr.
Bilim ulgamynyň meselelerini çözmeklik umumylykdan takyklyk derejesine galmakdyr, onuň netijesinde nazary bilimleri we nazary pikirlenişi özleşdirmekdir.
Mekdebe çenli çagalar bilim edaralary çagalaryň şahsy durmuş tejribesini ýüze çykarmaga, ony jemgyýetçilik- taryhy tejribäniň netijeleri bilen baýlaşdyryp, “medeniýetleşdirmäge” çalyşmalydyrlar.
Ilkinji nobatda, mekdep biliminiň kämil şahsyýeti kemala getirmek ýörelgeleri çaganyň şahsyýetine aýawly garamagy, onuň özboluşlylygyna hormat goýmagy, çaganyň öz durmuşa garaýşynyň, öz içki dünýäsiniň bardygyna düşünmegi, oňa abraý we mertebe duýgularynyň mahsusdygyny, onuň aladalary küýseýändigini, duýgudaşlyga, gatnaşyga, söhbetdeşlige we goldawa mätäçdigini, pikirlenmäge we döretmäge ukyplydygyny, ýalňyşlyklary goýberýändigini, ýöne olary düzedip bilýändigini, puşman edip, gowulyga ymtylýandygyny göz öňünde tutýar.
Aslynda, kämil şahsyýeti kemala getirmek ideýasy gumanizme, zähmetsöýerlige we ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna esaslanýar. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe ösüşleri nazarlaýan hem-de ynsanperwerlige ýugrulan bilim syýasaty pähim-paýhasy, ylym-bilimi ýaran edinen, adalatly, päk ýürekli, dogruçyl, akylly, terbiýeli hem ynsanperwer şahsyýeti kamala getirmäge gönükdirilendir. Döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülen bu işe mynasyp goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”