Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň galkynyşy her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Hormatly Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda diňe bir ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly hem biz ýaşlar üçin iň bir ajaýyp ýyllaryň biridir. Gahryman Arkadagymyz biz ýaş talyplara okamaga, öwrenmäge, bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara şekillendiriş sungatyň ähli görnüşleri boýunça bilim berilýär. Bu sungat ojagymyzda ýaş suratkeş talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler. Şeýle hem mugallymlar jogapkärli işinden daşary ajaýyp eserleri bilen ýurdumyzda geçirilýän dürli sergilere gatnaşyp durýarlar. Bu sergilere gatnaşýan ýaş zehinler halypalaryň döredijiliginden täsir alyp, sergiler ýaş talyp suratkeşler üçin tejribe hem-de halypalardan görelde almaga nusgalyk mekdep bolup durýar. Şeýle ajaýyp sergileriň biri hem 1–2-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, welaýatlarymyzdaky Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň suratkeşleriniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky eserleriň sergisi görkezildi. Sergide zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, dizaýn we grafika ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkezildi. Ekspozisiýada esasan türkmen zenanlarynyň durmuşy, el hünärleri we gözel tebigatymyzyň gözelligini, bahar öwüşginlerini wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi.
Sergide esasanam türkmen grafikasynyň ösmegine özüniň uly goşandyny goşýan suratkeş Döwletgeldi Akyýewiň, ýaş grafikaçylar Döwletmyrat Durdyýewiň, Şatlyk Tagyýewiň, Gurban Tekäýewiň, Röwşen Çopanowyň grafika eserleri belli orny eýeledi.
Olardan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýewiň grafika eserleri pelsepewi mazmuny bilen haýran galdyrdy. Onuň işleri çeper edebiýatda hem-de çagalar kitaplarynda özüniň ajaýyplygy bilen meşhurdyr. Suratkeşiň döredijiliginde epiki we filosofiki, animalistik žanry boýunça ýerine ýetirilen eserler örän täsirlidir. Bu sergide suratkeşiň “Hüwdi” atly eseri türkmen gelniniň öz çagasyny mähir berip duran pursady şekillendirilýär. Ýaş enäniň gujagyndaky çaga ejesiniň mylaýym hüwdüsine uklaýar. Suratkeş hüwdüniň owazyny jadyly äheňde beýan edip, çagaly gelniň daş-töweregini owadan nagyşlar hem-de guşlaryň we balyklaryň şekilleri bilen gurşap alýar. Enäniň aýdýan aýdymy çagany rahatlandyrýar we ähli dünýäni erteki hökmünde suratlandyrýar. Şol jennet ýaly dünýäniň durkuny tawuslaryň, sülgünleriň, käkilikleriň keşbinde görkezýär.
Ussat suratkeşiň döredijiliginde ajaýyp eserleriň ýene biri hem “Asman atlary” diýen eseridir. Bu eserde türkmen ahalteke bedewi wasp edilýär. Bedewiň owadan hereketi gopuz çalýan gyzyň keşbi bilen utgaşýar. Gopuzdan çykýan saz ähli älem jahany tolgundyrýar we herekete getirýär. Bedewiň daş-töweregi gumuň alaňlary nagyşlaryň, guşlaryň üsti bilen janlandyrýar. Ýaldyrap duran Günüň şöhlesi tebigaty oýaryp, asmandan uçup barýan garlawaçlaryň we oýnap duran bedewiň hereketlerinde şöhlelenýär.
Suratkeşiň “Dünýäniň sallançagy” atly eseri tuş, pero usulynda ýerine ýetirilen. Eser örän pelsepewi häsiýete eýe bolup, onda zenan dünýäsi has ýokarlandyrylýar. Türkmen zenanynyň keşbi has belende galdyrylyp, gün kimin sallançakdaky çagasyny özüniň mähri, söýgüsini we ýylysyny çoýup durşy suratlandyrylýar. Sallançakdaky gyzjagaz “tozga” gülüniň tozgajyklaryny emaý bilen oýnap oturan pursady görkezilýär. Eser örän asuda we parahat, şonuň bilen birlikde çuňňur mazmunly. Inçe çyzyklaryň düzümi ussatlyk bilen ýerine ýeten temanyň çözgüdi tomaşaçyny haýran galdyrýar.
Suratkeş Döwlet Durdyýewiň “Üç daragt” atly işinde özüniň köp manylylygy we täsirligi bilen tapawutlanýar. Bu esere seredeniňde onuň aňyrsynda filosofiki garaýyş ýatyr. Taslamada ömür daragtynyň üç sanysy görkezilýär. Olar dürli tarapa ýaýrap ösen. Agajyň şahalarynda bolsa, adaty bolmadyk aýlaw şekiller suratlandyrylýar. Göçme mana eýe bolan eserde, adamyň ykbaly, durmuşy beýan edilýär. Suratkeş bu eserinde gara ýerligiň üsti bilen ak ştrihleri ýerlikli peýdalanýar hem-de eseriň mazmunyny açyp görkezýär.
Umuman, bu sergi gyzykly we örän täsirli. Onda halkyň Arkadagly zamanamyzyň suratkeşleriniň ata Watanymyza, ene topragymyza, gözel tebigatymyza, zenan söýgüsine bolan dünýägaraýyşlary we pikirleri biri-birinden tapawutlanýan hem-de çuňňur mazmuna eýe bolýan pikirler bilen wasp edilýär. Bu bolsa grafika sungatyndaky täze ösüşleriň, rowaçlyklarynyň aýdyň şaýady bolýar.
Şirin Öwezowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň III ýyl talyby