Dümewden goramakdan başlap, agyr kesellere garşy göreşmek üçin nar
bedenimiz üçin uly goragçydyr. Antioksidantlara baý bolan nar, şeýlelik bilen bize
agyry we çişmä sebäp bolýan köp sanly keseller bilen göreşip bilýär.
Mundan başga-da wiruslara garşy göreşip, möwsümleýin dümewiň öňüni alyp
bilýär.
Nar gabygy bilen bedeniňizi patogenlerden (adamlarda, haýwanlarda,
ösümliklerde kesel döredýän mikroorgonizmiň bir görnüşi) gorap bilersiňiz.
Naryň antioksidant häsiýetleri gipertoniýany we ýokary gan basyşyny
peseldýär.
Naryñ gan basyşyna kömek etmeginiñ başga bir usuly kaliýdir, bu bolsa
süňklerimiziň saglygyny we ýüregimiziň işlemegine kömek edýär.
Kron keseli (Agyz boşlugyndan rektuma çenli ähli böleklerine täsir edip bilýän
aşgazan-içege ulgamynyň dowamly hroniki immunitet bilen baglanyşykly
granulomatoz çişme kesel) bilen göreşýän adamlar, beýleki zatlar bilen bir hatarda,
işdäň peselmegine we horlanmagyna sebäp bolýan aşgazan meselelerini gaty gowy
bilýärler. Munuň sebäbi aşgazanda bakteriýalaryň köpelmegi, güýçli çişmä sebäp
bolýar. Köp barlaglaryň peýdaly hasaplaýan maslahaty – nar iýmekdir. Miwäniň
özi, agyry döredýän ähli bakteriýalara garşy gowy goragçy bolup durýar.
Merýem WELIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 217-nji toparyň talyby