Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşleriň ak ýolundan öňe barýar. Çünki ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilen bir hatarda, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem giň gerimde durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny başarnykly ulanmakda dil bilmegiň zerurlygy hemmä mälimdir. Ýurdumyzda hereket edýän çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Dil babatynda alnyp barylýan syýasat türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir. «Täze bir dil öwrenmek dünýäni synlaýan penjiräniň köpelmegidir» diýlişi ýaly, daşary ýurt dillerini bilmeklik täze mümkinçilikleriň gözbaşy bolup durýar.
Türkmen diliniň üsti bilen daşary ýurt dilini öwretmek mugallymyň kämil başarnygyny, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Ýurdumyzyň mugallymlary bolsa ýaşaýan zamanasyna laýyk, giň dünýägaraýyşly adamlary kemala getirmekligi özlerine maksat edinýändir. Şunuň bilen baglylykda, terbiýeçilerdir mugallymlar, şol sanda daşary ýurt dili mugallymlary okatmagyň aýry-aýry usullaryndan we dürli serişdelerden peýdalanmak arkaly berilýän bilimiň netijeli bolmagy ugrunda ýadawsyz işleri alyp barýarlar.
Daşary ýurt dilleri sapaklarynda mugallymlaryň lingafon enjamlaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan, interaktiw tagtalardan peýdalanmaklary sapaklaryň täsirliligini we netijeliligini has-da artdyrýar. Işiň şeýle guralmagy çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň birinji basgançagy bolan çagalar bagynda işi göwnejaý gurap, innowasion tehnologiýalardan, multimedia enjamlaryndan okuw sapaklarynda netijeli peýdalanmak döwrüň möhüm talabydyr.
Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jennet Öwlýakuliýewa,