Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda çeperçlik mirasyny gorap saklamakda, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde alnyp barylýan döredijilikli işler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna ýazyljak her bir sahypasy bizi begendirýär we buýsandyrýar. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Arkadagly Serdarymyz beýleki sungatlar bilen bir hatarda, şekillendiriş sungatymyzy ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa, milli sungatymyza aýratyn sylag hormat goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Biziň halypalarymyzyň döredijilikli işleri taryhda bolşy ýaly şu günki günde hem öz beýanyny tapýar. Dünýä gözellikleriň genji-hazynasy hasaplanýan şekillendiriş sungatymyz suratkeşlerimiziň yhlasly erjellikleri netijesinde uly ösüşlerini dowam edýär.
Türkmenistanyň sungatynda at gazanan işgäri, tanymal halypa suratkeş Saparmämmet Meredow 1952-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-nde Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Arçman obasynda eneden dogulýar. Başlangyç bilimi öz obasyndaky 5-nji orta mekdebinde alýar. Heniz ýetginjekligine garamazda Saparmämmet Meredow durmuşa, tebigata has inçeden owadan ser salmaga başlaýar. Ol okuwyndan boş wagtlary isle çeper eser bolsun, isle dessan bulary uly höwes bilen okamagy gowy görýärdi. 1968-nji ýylda bolsa, ol orta mekdebiniň 8-nji synpyny oňat bahalar bilen gutarýar. Şol ýylda Aşgabat şäherindäki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär. 1972-nji ýylda bolsa uçilişäninň “Keramika” hünärini üstünlikli tamamlaýar. Ussat suratkeşiň zähmet ýolunyň ilknji ädimini bu ýylda Türkmenistanyň çeperçilik fandunda suratkeş bolup başlaýar. Ussatlyk bilen çeper eserleri döredip halka ýetirýär. 1973-nji ýylda bolsa ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere gatnaşyp üstünlikli çykyş edýär. Heniz ýaş suratkeşligine garamazdan grafika eserlerini, tebigatymyzy wasp edýän peýzaž eserlerini uly höwes bilen ýerine ýetirýär.
Saparmämmet Meredow eserlerini ýazmak bilen, biziň tebigatymyzyň gözelligini, asudalygyny, zähmetsöýer hem-de myhmansöýer halkynyň keşbini öz boluşy bilen beýan edýär. Ol türkmen obasyna hem-de onuň ilatynyň durmuşy bilen çuňňurlaýyn gyzyklanyp kendiriň ýüzüne şekillendirmegi başarýar. Suratkeş Saparmämmet Meredow döredijilikli işleri köp sanly sergileri bezedi. Şeýle hem 1996-njy ýylda Birkeşen Milletler Guramasy tarapyndan Stambulda geçirilen “Bizi gurşap alan dünýä” atly sebitara sergi-bäsleşiginde “Durmuş” atly eseri bilen 1-nji oruna mynasyp boldy. Saparmämmet Meredowyň isle grafika, isle nakgaşçylyk eserlerinde durmuşyň gözelligini kendiriň ýüzüne geçirip, her bir eserlerinde Watana bolan söýgüsini, tebigatyň owadanlygyny ýönekeýligiň üsti bilen açyp görkezmegi başarýar.
Durmuşyň gözelligi, tebigatyň asudalyny özünde jemleýän eserler suratkeşiň döredijiliginde müdümilik ýaşaýar. Bularyň arasynda 1983-nji ýylda “1941 ýyl” atly eserinde, bir obanyň çetinde gara öýi, birinji meýilnamada bolsa garry goja ýany bilen elini al asmana uzadyp duran oglanjyk hem-de zenan maşgala we iki sany ýetginjekleri görýäris. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ýakynlaryny fronta ugradyp duran pursady duýulýar, bu duýgyny suratkeş birinji meýilnamada oba adamlaryny şekillendirmek bilen ýüze çykarýar. Suratkeş bu eseri ýazmak bilen bize, şol döwrüň gaýgyly pursadyny ýatlatmak isleýär.
Suratkeş Saparmämmet Meredowyň döredijilik sergisi ýaş nesil üçin özboluşly nusgalyk mekdep bolup, olaryň täze eserleri döretmegine itergi berjekdigine biz berk ynanýarys. Sergi döredijilik duýgularyny we pikirlenmesini terbiýelemekde, nakgaşçylygyň we grafikanyň esaslaryny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“ Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
1-nji ýyl talyby Bägül Hojanyýazowa