Alymlar afalin delfinleriň öz dostlaryny peşewiň tagamy arkaly uzakdan tanap bilýändiklerini anykladylar. Olar hereket edýän wagtlarynda agyzlaryny açyk saklaýarlar we her hili nusgalary ýygnaýarlar.

Alymlar şeýle usulyň açyk ummanda örän peýdaly bolup biljekdigini bellediler, sebäbi peşew suwuklygy jandarlaryň ol ýerden gideninden soň hem birnäçe wagtlap saklanyp galýar. Şeýle hem ozalky gözlegler, afalin delfinleriň ýygylyk modulýasiýasy bilen biri-birinden tapawutlanýan aýratyn signallarynyň bardygyny hem görkezdi. Şeýle signalyň eýesi, bu signallary özüni atlandyrmak üçin ulanýar, beýleki delfinler bolsa oňa ýüzlenmek üçin ulanýarlar.

Iň soňky gözlegiň dowamynda alymlar sekiz sany afalinlere tanyş we nätanyş delfinleriň peşew nusgalaryny berdiler. Gözlegçiler afalinleriň, öz tanyş delfinleriniň peşew nusgalaryny ýygnamak üçin takmynan üç esse köp wagt sarp edendiklerini anykladylar. Beýleki bir synagda adamlar afalin delfinlere tanyş garyndaşlarynyň biriniň peşewini berdiler we şol bir wagtyň özünde suwasty gürleýjiniň üsti bilen peşew donorynyň ýa-da başga bir delfiniň signalyny eşitdirdiler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Goşaýew Annageldi