Tetrahromatlar diýlip atlandyrylýan adamlar, köpleriň görüp bilmeýän reňklerini görüp bilýärler. Bu reňk görüşiň aýratyn bir görnüşidir. Beýleki adamlardan tapawutlylykda, tetrahromatizmli adamlarda üç däl, dört konus bar (reňkleri kabul etmäge jogap berýän göz öýjükleri). Olardaky bu konusyň dördünji üýtgeşik görnüşi, spektriň sary-ýaşyl zolagynda has duýgurdyr. Munuň netijesinde olar bir million däl-de, takmynan 100 million reňk tapawutlandyrýarlar.
Şol bir wagtyň özünde şeýle aýratynlyklara diňe aýallar eýe bolup biler. Munuň sebäbi konus geniniň X-hromosomda ýerleşendigi bilen baglanyşykly. Şonuň üçin iki sany X- hromosomy bolan aýalda şol hromosomlaryň birinde adaty bolmadyk gen bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, ogly ýa-da kakasynda birneme reňk körlügi bar bolsa, ol bu geniň göterijisi bolup biler.
Tetrahromatizmi kesgitlemegiň iň ygtybarly usuly genetiki synagdyr.
Zulfiýa GENJIÝEWA,