Hytaýyň Syçuan uniwersitetiniň inženerleriniň oýlap tapan robot-balygy, islendik suw howdanynda plastik galyndylary ýygnamagy aňsatlaşdyrar. Ol mikroplastikanyň molekulalaryny özüne çekmäge ukyply bedeniň kömegi bilen bolar. Robotyň bedeni hakyky balygyň bedenine örän meňzeş bolar: çeýe we şol bir wagtyň özünde berk bolar.
Häzirki wagta çenli alymlar Dünýä ummanynda näçeräk plastikanyň bardygyny anyklap bilmediler. 2015-nji ýylda neşir edilen maglumatlar her ýyl 4,8-12,7 million tonna plastikanyň biziň planetamyzyň deňizlerine düşýändigini görkezýär.
Mesele şeýle, mikroplastikanyň bölejikleri hatda deňiziň düýbünde – jaýryklarda we çatlaklarda ýapyşyp galmagy. Bu bölejiklerden dynmaga, Hytaýly gözlegçiler tarapyndan döredilen robot ýaly robotlar kömek edip biler. Täze robotyň uzynlygy bary-ýogy 15 mm. Bu robotyň güýç berýän çeşmesi hökmünde lazer ulanýar.
Şirin HÜMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby