ElliQ diýlip atlandyrylýan robotlar 65 we ondan uly ýaşly hossarsyz adamlara kömek etmek üçin niýetlenendir. Ses kömekçileri bolan Siri we “Alisa” meňzeş, ElliQ soraglara jogap berip, dünýewi gepleşikleri geçirip, dürli duýduryşlary ýatladyp we ş.m zatlary edip biler.
“ElliQ-yň birnäçe aýratynlygy bizi özüne çekdi: ol adam gatnaşyklaryny ýada salýan, saglyga we doly üpjünçilige, stresiň peselmegine, uka, gidrasiýa we başga zatlara ünsi jemleýän işjeň gural” – diýip Nýu-York ştatynyň dolandyryş müdiri düşündirdi. “Ol adamlar üçin möhüm zatlara: ýatlamalar, dostlar we maşgala bilen aragatnaşyga, umumy saglyga we eşretli durmuşa üns berýär”.
Analitikleriň tassyklamagyna görä, ýalňyzlygyň we aýry galmaklygyň saglyga ýetirýän täsiri, bir günde bir guty çilim çekmek bilen deňdir we bu Amerikanyň köp sanly garry adamlary üçin gündelik hakykat bolup durýar..
Aknur GYLYÇMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 117-nji toparynyñ talyby