Eziz Diýarymyzyň özüne mahsus tebigay aýratynlygy bar. Onuň haýwanat, ösümlik dünýäsi baý we özboluşlydyr. Gyzyl gotan, gulan, garagaýçak ýylan ýaly haýwanlara diňe biziň ýurdumyzda duş gelmek mümkin. «Towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, her kimiň göbek ganynyň daman ýeri, kemala gelen, beýnisiniň bekän ýeri onuň ata Watany hasaplanýar. Bir gapdalyny bahry‑Hazara, bir gapdalyny Jeýhun derýasyna ýanap, dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy bolan bu gözel mekanbiziň ata Watanymyzdyr.

Tebigat – biziň giň hem owadan Watanymyza özüniň ähli baýlyklaryny eçilipdir. Dagy, düzi, çöli, tokaýy, deňiz‑derýasy jahankeşdelerde ýakymly ýatlama galdyrýar. Ýer togalagyndaky ýurtlaryň käbirinde diňe sowuklyk, käbirinde diňe yssylyk höküm sürýän bolsa, biziň ýurdumyzda dört pasyl hem öz gezekli-gezeginde adamlara eşret, nur paýlaýar. Tebigatdaky ähli zatlar özara biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ondaky hemme ösümlikleriň, haýwanlaryň öz orunlary bardyr. Hiç bir artykmaç zat ýok. Olaryň ählisi üýşüp, gözel tebigatyň sazlaşygyny emele getirýärler. Şonuň üçin töweregimizi gurşap alan her bir ösümliklere, ownujak jandarlara çenli aýawly garamalydyrys. Olaryň gyrylmagyna, ýitip gitmegine ýol bermeli däl. Çünki olar bolmasa, adamlara ýaşamak kyn. Ösüp oturan daragtyň sebäpsiz bir şahasyny döwmek ýa‑da onuň bir ýapragyny ýolmaklyk-da medeniýetsizligiň alamatydyr. Elbetde, agajy döwmek, kesmek aňsat, emma ony ýetişdirmek bolsa örän kyn.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alan gününden başlap, Watanymyzy bagy‑bossanlyga öwürmek işi döwlet derejesinde ýola goýuldy. Millionlarça düýp agaç nahallary ekilip, öňki tozap ýatan çöllükler tokaýa öwrüldi. Bu asylly däp häzir hem giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nahallary ekmek, öňki ekilenlere serenjam bermek özümiz hem‑de geljekki nesiller üçin ýadygär goýmakdyr.

Şäherlerimiziň, obalarymyzyň daş-töwereginde dörän tokaý zolaklary, köçelerimiziň, ýanýodalaryň gyrasyna ekilen al-ýaşyl güller hut adam eli bilen döredilen gözelliklerdir. Olaryň gadyryny bilmek üçin ýekeje minut gözüňizi ýumup, hiç bir gök agaçsyz ýollary, meýdanlary göz öňüne getirip görüň. Nähili aýylganç keşp göz öňüňize geler. Diýmek, agaçlar biziň ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolup durýan bolsa, biz näme üçin ony ösdürip ýetişdirmäniň aladasyny etmeli däl!? Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýew: «Kim‑de‑kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, ýöne ýere ýazmadyk bolsa gerek. Ýaşaýan otaglarynda, okuw otaglarynda gül ekmek häzirki ýaşlarymyzyň oňat däpleriniň biridir. Diňe gül ekmek däl, haýwanat dünýäsine-de üns bermeli. Her hili guşlary, balyklary saklamak diňe otaga bezeg bermän, ol adam saglygyna-da ýakymly täsir edýär. Balyklaryň adam nerwisini köşeşdirmäge, gan basyşyny sazlamaga, guşlaryň sesi beýni öýjüklerini rahatlandyrmaga kömek edýändigi hiç kime gizlin däl.

Watanymyzyň bagy-bossanlyga, jenneti mekana öwrülmegine her bir raýat, esasan-da, ýaşlar öz goşandyny goşmalydyrlar.

AKMYRADOWA Maýsa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Nepesowa Zyba