Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Gündogar edebiýatynda täze, öçmejek edebi ugry esaslandyrdy. Dünýä edebiýatynda bolsa ymykly orun alyp, onuň baýlaşmagyna ýardam etdi. Şeýlelikde, ol umumadamzat kalbynyň söz ussady hökmünde ykrar edildi.

Halal, manyly ömür sürmek, ynsanperwerlik, dost-doganlyk pikirleri şahyryň döredijiliginiň özenini düzýär. Şahyr adam we adamyň ykbaly, onuň ömrüniň manysy, özara gatnaşyklarynyň kemala gelşi, adamyň mertebesine bolan garaýyş hakynda söz açyp, adama gadyr goýmak ýörelgelerini öňe sürýär. Şol ýörelgeler hem şahyra Watan, ynsanperwerlik bilen bagly düýpli pikirleri çuňlaşdyrmaga itergi berýär.

Beýik akyldar dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny öz şygyrlarynyň sazlaşykly setirlerinde beýan edip, ynsanlaryň ýüregine ýol salmagy başarypdyr. Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsi, milli duýgusy Watana bolan söýgüsinde has aýdyň ýüze çykýar. Magtymguly milli we umumadamzat gymmatlygyna sarpa goýan beýik şahyr, kämil şahsyýet derejesine göterildi.

Beýik söz ussadynyň ynsanperwer garaýyşlary goşgularynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. «Äleme belgilidir», «Çowdur han üçin», «Geçdi diýdiler», «Atamyň», «Uç kyldy», «Kaýda sen»… Bu goşgularyň haýsy birini alanyňda hem onda ynsanperwer duýgularyň jemlenendigini duýmak bolýar.

biri onuň XVIII asyr türkmen edebiýatynda dil özgerişligini edenligidir. Atasy Döwletmämmet Azadynyň goşgy-gazallaryny, «Wagzy — azat», «Hekaýaty — Jabyr ensar», «Behiştnama»… poemalaryny üns berip okapdyr, halkyň dilini çuňňur öwrenipdir we öz ýazýan goşgularynda türkmen halkyna has düşnükli bolan dil serişdelerinden peýdalanypdyr.

Gündogary öwreniji görnükli alym A.Wamberi Magtymgulynyň dili hakynda şeýle ýazýar: «Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlydygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygydyr… Munuň ýaly ýagdaý Gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär».

«Kysasyl — enbiýa» ýaly diwanlaryň ençemesini hatym eden şahyryň ylymly, köp zatlardan habarly bolmagy onuň welilik derejesine göterilmegine sebäp bolupdyr. Häzir durmuşda ýa-da özara söhbetdeşlikde çözülmesi kynrak mesele ýüze çyksa, Magtymgula ýüzlenilýär. Bu bolsa halkymyzyň arasynda akyldar şahyryň sarpasynyň uludygyna şaýatlyk edýär.

Mämedowa Gurbansoltan,

 Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.