Ýurt parahatçylygynyň, il abatlygynyň hatyrasyna uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary netijesinde, bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlar üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek möhümdir. Kanunyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek bellenilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim çygryndaky döwlet goldawynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem Kanunyň 32-nji maddasynda ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň, borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek maksady bilen, 7-nji bendiň goşulmagy, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Bu hem ýaşlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň has-da giňelmegi babatynda döwlet goldawyndan peýdalanmagyna şert döredýär. Şeýle birnäçe ýeňillikleriň Kanunda göz öňünde tutulmagy döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagyna döredilýän giň mümkinçilikleriň hukuk taýdan berkidilmegini alamatlandyrýar.

Rustam KULIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.