Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde uly üstünlikler gazanylyp, bedew batly ösüşler üpjün edilýär. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar.
Häzirki döwürde ylma güýçli döwlet goldawy berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglary geçirmek, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze önümleri döretmek, innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, ylmyň milli ykdysadyýetiň pudaklary bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. 2019–— 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipesi bellenilip, bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, býujet ulgamynda «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary» ýaly sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek ýaly wezipeler maksatnamalaýyn durmuşa geçirilip başlandy.
Sanly ykdysadyýetde ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Bu ulgamyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabaty düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şunda ykdysady ugurdan bilim alýan talyplara ykdysadyýetde möhüm ähmiýete eýe bolan dolandyryş hasaba alnyşyny dogry amala aşyrmagy, awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bilen işlemegi döwrebap derejede öwretmek bilim ulgamynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe çykýar.
Bu wezipeler bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ykdysadyýet biliminde ýaşlaryň sanly ykdysadyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallaryndan sowatly bolmaklary şu günüň öňe çykaran talabydyr. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär, dürs we takyk maglumatlaryň öz wagtynda elýeter bolmagyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň dekany