Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýleki ugurlar bilen bir hatarda ylmy yzygiderligi ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ylmy taýdan öwrenmelere, çözgütlere esaslanmak bilen, ýurdumyzda uly özgertmeler we ösüşler amal edilýär. Bu özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň arasynda ýerli çig mallary ylmy barlaglar arkaly öwrenmek we tygşytly ulanmak arkaly döwrebap, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, daşarky bazardan alynýan önümleriň ornuny çalşyp biljek, bäsleşige ukyply önümçilikleri ýola goýmak möhüm orny eýeleýär.
Biologiki taýdan ähmiýetli önümleriň birine witamin işjeňligine eýe bolan karotin degişlidir. Ol doýgun uglewodorodlar bolup, karotinoidler toparyna degişlidir. Karotin gurluş we giňişlik izomerleri emele getirýär, olar biologiki işjeňligi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Islendik izomeriň trans görnüşiniň işjeňligi ýokarydyr. Ösümliklerden bölünip alnan karotiniň gurluş izomerlerine α-karotin, β-karotin we γ-karotin degişlidir. Bu izomerleriň hem witamin işjeňligi birmeňzeş däldir.
Karotiniň izomerleri adam organizminde witamin A-ny emele getrimäge ukyply. Belli bolşy ýaly, 1 mg β-karotin täsirliligi boýunça 0,17 mg A witamina deň. β-karotin onuň α-, γ- izomerlerine görä iki esse işjeňdir. Haýwan organizminda β-karotin iki molekula A witamin emele getirmek bilen dargaýar, α-, γ- karotinler bolsa bir molekula witamini emele getirýärler. Karotiniň witamin A öwrülmegi esasan, içegäniň diwarlarynda ýüze çykýar. Karotinleriň ýagda ereýänlikleri sebäpli, olar lipidler bilen bilelikde özleşdirilýär.
Adam we haýwan organizmlerinde karotinler emele gelmeýärler. Haýwanlar üçin beta-karotiniň esasy çeşmesi ösümlik iýmleri bolup durýar.
Karotinler köpsanly farmokologiki aýratynlyklara eýe, olardan iň esasylary: antioksidant, radioprotektor, fotoprotektor, prowitamin we işjeňligiň başga bir häsiýetleri.
Karotinler singlet kislorody we kislorodyň beýleki işjeň formalaryny tutmaga ukyply bolup, antioksidant häsiýetini ýüze çykarýar. β-karotin singlet kislorody esasy basyp ýatyryjy bolup durýar. Şöhlelenmäniň we konserogeneziň erkin radikal tebigaty bolanlygy üçin β-karotin esasy radiogoraýjy we antokonsenrogenoz birleşme hasap edilýär. Şeýle hem, β-karotin antimutagenez häsiýetine eýedir.
Β-karotin erkin radikallaryň erkin radikallaryň emele gelmegine päsgelçilik döredýär. Ol hem immun ulgamynyň öýjüklerini erkin radikallaryň zyýanly täsirinden goraýar, immunitetiň ýagdaýynyň gowylanmagyna getirýär. Netijede, karotinler tebigy immunsazlaýjy hökmünde organizmiň immunitet kuwwatyny ýokarlandyrýar.
Köp sanly ösümlik çig mallaryndan β-karotini bölüp almak bolýar. Arassa kristalliki görnüşinde karotin – önümçilik masştablarynda käşiriň, kädiniň, itburunyň we suwotylaryň aýratyn görnüşlerinden alynýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Janyýewa Şaperi