1995-nji ýylyň 12-nji dekabryna çenli dünýä syýasatynda bitaraplyk halkarahukuk derejesi esasy iki ýol bilen kesgitlenilýärdi:
1. Hemişelik bitaraplyk barada halkara şertnamasynyň baglaşylmagy;
2. Hemişelik bitaraplyk barada milli kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi.
Hemişelik bitaraplyk barada halkara şertnamasynyň baglaşylmagy şeýle şertnama gatnaşyjy taraplar üçin özara hukuklary we borçlary emele getirýär. Hemişelik bitaraplygy milli kanunçylykda berkitmek bilen birtaraplaýyn görnüşde yglan eden döwletler öz üstlerine degişli borçlary alýarlar. Şeýle görnüşde yglan edilen bitaraplyk beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilip ýa-da edilmän bilner.
Bitaraplygyň taryhy tejribesi nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy halkara gatnaşyklarynda we dünýä syýasatynda täze taryhy açýar. Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet hökmündäki halkara-hukuk derejesi halkara we milli hukuk resminamalary bilen kesgitlenilýär. Olaryň arasynda ilkinji nobatda 1995-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50/80 belgili «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamasyny ýatlamak gerek. Bu resminama halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhynda ilkinji gezek kabul edilen resminama bolup durýar.
BMG Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny goldamak bilen, agza döwletleri bu derejä mertebe görkezmäge, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrdy. Kararnamanyň şu ýörelge esasynda biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň BMG agza döwletler tarapyndan kepillendirilmegini aňladýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy her bir döwletiň öz daşary syýasat strategiýasyny kesgitlemekde özygtyýarlylyk hukugynyň bardygyny, şeýle hem Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýan işjeň we oňyn ornuny tassyklady. türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny ykrar etmek we goldamak bilen, BMG-niň agzalary bolan döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga çagyrmak bilen, Baş Assambleýa, Türkmen döwletiniň parahatçylygy söýüjilikli syýasatyna özüniň gyzyklanma bildirýändigine baglylykda, hakykat ýüzünde diňe bir ykrar etmek däl-de, eýsem, onuň amala aşyrylmagyna kepillikleri üpjün etmegiň hem ýoluna düşdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň Girişinde Türkmenistanyň bitaraplygy «sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkemegine ýardam eder» diýlip kesgitlenilýär. Munuň özi, ýurduň umumy ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň oňyn häsiýetlidiginiň aýratyn bellenilmegidir.

Ogulgerek PARAHADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 222-nji toparynyñ talyby