Munuň özi jemgyýetiň ösüş derejesiniň talapkärligini ýokarlandyrmagynda täze usullara ýüzlenmelidigini talap edýär. Şeýlelikde ähli ugurlar boýunça bir sapaga düzülýän sanly ulgamyş şertlerine täze iş orunlary bilen gelmek, täze tehnologiýalaryň ýüze çykamgyny gazanmak şeýle- de müň bir röwüşli täzelikçileriň mekanyny sarp etmäge ukyply jemgyýetiň öňünde durjak döwletiň borjudygy hakynda oýlanmak zerurdyr.Aslynda sanly ulgamyň ösüşleri diňebir adamzadyň durmuş ösüşleriniň talaby däl- de eýsem- de ony öz içine alýan birnäçe zerurlyklardan ybaratdyr.Munuň özi şertlendirilen görnüşleri öziçine alýar. Mysallara ýüzlenmek bilen anyk görkezijileriň üstünde durmak zerurulygyny ýüze çykarýan wakalar häzirki günlerimizde ykdysady görkezijiniň üstünligini şeýle kesgitleýär.
Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykýan täze- täze sanly özgetmeler hakynda aýdanyňda ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça kärhanalarynda hem-de edaralarynda sanlaşdyrmak we diňe bir sanlaşdyrmak däl, eýsem, sanlaşdyrmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, belli bir ugurlar boýunça ösüşleri gazanmak hem ýokary netije berdi. Häzirki zaman binalarda döwrebaplaşdyrylan sanlaşdyrma hakynda ýekeje mysalyň üsti bilen bu ugur hakda aýdanyňda bokurdagyň dolman aýtmazlyk mümkin däldir. Çünki mysallara ýüzlenmek bilen sanlaşma medeniýetiniň diňe bir talyp ýaşlara däl, beýleki admalaryň hem dünýäsine ýagtylyk çaýdy. Muzeýlerimizi wertual syýahat arkaly dünýäniň çar künjünden döwrebap gezelenç etmäge mümkinçilik berilmesi munuň kiçijik myslaydyr. Munuň özi biziň ykdysady ugurlarymyzy hem medeni ugurlarymyzy bilelikde kesgitleýän zatlardyr. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen sanly ulgam hem mümkinçiliklerini giňeldýär.Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda , galyberse- de ähli edara kärhanalarda görkezilýän görkezijileriň sany gün geçdikçe artmagy bilen pudak edaralarynyň telefon, telewideniýe şeýle- de telekommunikasiýa boýunça sanlaşdyrmanyň hasabyna döredilýän ähli mümkinçilikler bu çäkde öz ähmiýetini giňeldýär.
Täze tehnikalaryň ornaşdyrlymagy bilen täze mümkinçilikleri talap edýän sanly ykdysadyýetiň esasy ugurlary halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmakda hem- deykdysadyýetiň esasy ugurlaryny kesgitlemekde ýurduň esasy ornuny eýelejek gözegçiligiň, ýagny ykdysady üpjünçilige eýeçilik gözi bilen garamagyň esasy şertlerini kabul etmäge mümkinçilik gazanmagynyň zerurdygyny subut etdi.Ýurdumyzyň sanly ulgam babatynda sanly medeniýete eýe bolmagy bu günki gün sanly ykdysadyýetiň hem ösen ugurlaryny kesgitleýär. Bu bolsa, biz ýaşlary gelejekde has ösjek tehniki ugurlar bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Biziň ýurdumyz ýaşlaryň, ösüşleriň mekany. Ýaşlar bolsa bu ösüşleri ilkinji nobatda ýüze çykarjak güýçdir.
Merjen Guwanjowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologogiýalar we kiberhowpsyzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby