Halkara ýazyjylar güni häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilip geçilýär. Bu gün diňe bir ýazyjylar üçin däl, eýsem dördünji häkimiýet wekilleriniň ýagny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän işgärleriniň hemmesi üçin hünär baýramçylygy hasaplanýar. Iň görnükli edebiýat işgärlerine hormat goýmak we olara dürli baýraklary gowşurmak dabarasy şu güne çenli dowam edip gelýär. 1986-njy ýylyň 12-18-nji ýanwary aralygynda geçirilen Halkara PEN klubynyň (International Pen Club) 48-nji kongressiniň karary bilen döredilen “Bütindünýä ýazyjylar güni” her ýylyň 3-nji martynda dünýäniñ ähli ýurtlarynda diýen ýaly giňden bellenilýär.
Baýramçylygyň döredilmeginiň esasy bolan, Halkara PEN-kluby 1921-nji ýylda Londonda döredilýär. Guramanyň ady iňlis sözleriniň ilkinji harplaryndan emele gelen gysgaltma bolup, ýagny “Poetry”-şahyrlar, “Essayists”-oçerkçiler, “Novellists” – romançylar diýmegi aňladýar. Täsin ýeri, “pen” diýmek iňlis dilinden türkmençe terjime edilende “syýa galam” diýmekdir.
Häzirki wagtda dünýäde, takmynan, 150-200 müň hünärmen ýazyjy bar we olar 150-den gowrak dilde ýazýarlar. Halkara derejesinde tanalýan görnükli ýazyjylaryň ählisi edebiýat äleminde özleriniň ajaýyp eserleri bilen dünýä ýüzünde uly abraý gazandylar. Bu bolsa olaryň halkyň söýgüsini gazanmakdaky çeken zähmetiniň miwesi bolup hyzmat edýär. Daşary ýurt edebiýatynyň ösüşine goşan goşantlaryny nazara almak bilen olaryñ hünär baýramçylygy bütindünýäde belentden dabaralanýar.
Türkmen halkynyñ Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyñ jöwher paýhasyndan döreýän eserleri hem dürli dillerde terjime edilýär. Türkmen ýazyjylarymyzyň dürli dillerde terjime edilýän eserleriniñ, goşgudyr poemalarynyň sany barha köpelýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyñ janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

LAÇYN BEKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.